Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň 55 sany medeniýet, sungat wekiline pul baýragy berildi


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Aşgabat.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Aşgabat.

Türkmenistanyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden 55 adam pul baýragyna eýe boldy.

3500 manat, ýagny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursundan 1000 amerikan dollaryna barabar möçberde pul baýragyny alanlaryň garaşsyz Türkmenistanyň milli medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ösüşi, şeýle-de medeni mirasy mahabatlandyrmak, täze nesili watanperwer ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlardan eden hyzmatynyň hasaba alnandygy resmi maglumatlarda aýdyldy.

Habar berilişine görä, olaryň arasynda Medeniýet ministrliginiň, milli habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ylym işgärleri, muzeý işgärleri, halyçylar, döredijilik okuw jaýlarynyň okuwçylary we mekdep mugallymlary bar.

Pul baýragynyň Türkmenistanyň prezidentiniň Ynsanperwer fondundan tölenendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG