Sepleriň elýeterliligi

Täze ombudsmen nä derejede netijeli işlär?


Ýazdursun Gurbannazarowa

Türkmenistan özüniň ilkinji ombudsmenini belledi. Bu wezipä Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň ozalky müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa saýlandy.

Türkmen resmileri bu wezipäniň ýurtda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň döwlet goragynyň üpjün edilmegine, döwlet organlary we resmiler tarapyndan berjaý edilmegine we hormat goýulmagyna kepil geçmek üçin döredilendigini aýdýarlar.

Bu aralykda, synçylar halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyldan ýyla adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň arasynda agzalyp gelýän Türkmenistanda 25 ýyldan hem aşa wagtdan soň ombudsmeniň bellenmegini gowy habar hökmünde garşylandyklaryny aýdýar.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri, ozalky diplomat N. Hanamow obdusmeniň ýurtdaky adam hukuklary meselesiniň ‘gowulyga tarap özgermeginde’ uly ornunyň bardygyny gürrüň berdi.

“Ombudsmeniň bellenmegi gowy zat. Sebäbi ol köp ýurtlarda adam hukuklarynyň depelenmegini ýüze çykarýar. Kanunsyzlygy, sosial meseleleri, halk üçin peýdaly meseleleri orta çykaryp; olary ýokary derejelerde gozgap, çözmek ugrunda iş alyp barýar” diýip, Hanamow belledi.

Şol bir wagtda, Hanamow täze bellenen obdusmeniň Türkmenistanda nä derejede üstünlikli işläp biljekdigine şübhelenýändigini hem nygtaýar. Ozalky türkmen diplomaty bu wezipä bellenen Ýazdursun Gurbannazarowanyň ozal, 2010-2014-njy ýyllar aralygynda prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň müdiri bolandygyna ünsi çekip, şol döwürde hem ýurduň adam hukuklary meselesinde ‘göze ilerlik’ öňegidişlikleriň bolmandygyny aýdýar.

“Ynsan hukuklaryny goramaýan birini ombudsmen edip bellemek, ondan hiç zady garaşmak däl diýmegi aňladýar” diýip, Hanamow sözüne goşdy.

Hanamow türkmen häkimiýetleriniň ombudsmeni diňe halkara jemgyýetçiligine “göz üçin” belländikleri baradaky pikirini hem orta atdy.

“[Türkmenistan] özüni demokratik bir döwlet hökmünde görkezjek bolýar. Ol ‘biz köp partiýaly bolduk, ombudsmen belledik, ynsan haklaryny goraýan institutymyz bar’ diýýär. Bularyň ählisi gözboýagçylyk. Bu halkara guramalarynyň gözüni gamyşdyrmak üçin edilýär” diýip, bosgunlykdaky Respublika partiýasynyň lideri Hanamow belledi.

Galyberse-de, ombudsmen saýlanan Ýazdursun Gurbannazarowa Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyň müdiri bolmazdan ozal, Mejlisiň ozalky dördünji çagyryşyna saýlanyp, adam hukuklary we azatlyklary boýunça komitete hem ýolbaşçylyk edipdir.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, Gurbannazarowanyň adam hukuklary komitetine we institutyna ýolbaşçylyk eden döwürleri hem Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny iň ýiti depeleýän ýurtlarynyň arasynda agzalypdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG