Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan şahsy maglumatlaryň 'eldegrilmesizligine kepil geçýär'


Türkmenistanyň parlamenti.

Türkmenistan ýurtda raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň eldegrilmesizligine kepil geçilýändigini aýdýar. 21-nji martda Türkmenistanyň Mejlisi “Şahsy durmuş barada maglumaty we ony goramak hakyndaky” kanuny kabul etdi.

Mejlisiň V-nji çagyrylyşynyň 19-njy maslahatynda kabul edilen bu kanunyň “adamyň şahsy durmuşy hakynda maglumatlar babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýändigi, şeýle hem şol maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek, goramak bilen bagly işleriň maksadyny, ýörelgelerini we hukuk esaslaryny kesgitleýändigi” bellenilýär.

Türkmen döwlet mediasynyň maglumatynda Türkmenistanyň konstitusiýasynyň her bir adamyň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna we olara eden-etdilikli gatyşylmagyndan, hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz at-abraýyna, mertebesine hyýanat edilmeginden goranmaga hukugyny kepillendirýändigi ýatladylýar.

Şahsy maglumatlaryň ýygnalmagyna ‘ýol berilmeýär’

Muňa laýyklykda, eger kanunda aýratyn göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň her bir adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna gös-göni täsir edýän resminamalar bilen onuň tanyşmagyna mümkinçilikleri üpjün etmäge borçludygy bellenilýär.

Habarda adamyň özüniň razylygy bolmazdan, onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanmagyna, peýdalanylmagyna, ýaýradylmagyna ýol berilmeýändigi hem nygtalýar.

Emma Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşýan maglumatlarda soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan adamlaryň şahsy durmuşy bilen bagly maglumatlaryň ýygnalmagynyň kadaly bir ýagdaýa öwrülendigi aýdylýar.

Munuň bilen bagly aktiwistleriň, din ýa-da syýasat bilen bagly käbir türkmenistanlylaryň yzarlanmalara sezewar edilip, olaryň şahsy maglumatlarynyň ýygnalýandygy bellenilýär.

Mundanam başga, soňky döwürlerde türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň şahsy maglumatlaryny ýygnamak işlerini hem işjeň alyp barýandygy aýdylýar.

Maglumatlaryň ýygnalmagy dowam edýär

Çagasy ýa-da beýleki bir maşgala agzasy daşary ýurtda okaýan ýa işleýän käbir ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, häzirki wagt Aşgabadyň polisiýa departamentiniň resmileri jaň edip, olardan daşary ýurtlardaky maşgala agzalary barada maglumat bermegi talap edýärler. Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtdaky türkmen raýatynyň suraty, pasportynyň kopiýasy, işleýän ýa-da okaýan ýeri baradaky we beýleki resminamalary tabşyrmak hem talap edilýär.

Galyberse-de, Türkmenistanda “gadagan edilen” sosial saýtlardaky maglumatlary okap, ondaky çekeleşiklere gatnaşýan türkmenistanlylaryň hem yzarlanmalara sezewar edilmek we şahsy maglumatlarynyň ýygnalmak işleriniň häli-şindi dowam edýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasy bilen habarlaşan türkmenistanlylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň sosial saýtlardaky sahypalarynda öz pikirini galdyrany üçin, özleriniň türkmen häkimiýetleri tarapyndan soraga çekilendigini we basyşlara sezewar edilendigini gürrüň berdi.

Türkmenistan adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara guramalarynyň ençemesi tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlaryň biri hasaplanýar.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylyň mart aýynda çap eden adam hukuklary hasabatynda, “2016-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýa Türkmenistany dünýewi, demokratik döwlet diýip jar edýän hem bolsa, ýurduň hökümeti awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň ýakyn töweregi tarapyndan kontrollykda saklanylýar” diýilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG