Sepleriň elýeterliligi

Westminster terror hüjüminde 5 adam, şol sanda hüjümçi öldürildi


London polisiýasy 22-nji martda britan parlamentinde bolan hüjümde azyndan bäş adamyň, şol sanda güman edilýän hüjümçiniň öldürilendigini aýdýar.

Hüjümçi tarapyndan pyçaklanan polisiýa ofiseri hassahanada ýogaldy.

Beýleki pidalar Westminister köprüsinde hüjümçiniň awtoulag bilen urduran adamlary boldy.

Polisiýa öldürilenlerden başga 20 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň bir hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýandygyny aýtdy. Emma olar terrora garşy derňewi dowam etdirýärler we bu hüjüme dahylly başga adamlaryň hem bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar.

Britaniýanyň terror garşy ýokary derejeli ofiseri Mark Rowley hüjümiň motiwiniň «yslamçylyga dahylly terrorizm» bolmagynyň çaklanylýandygyny aýtdy, emma goşmaça detallary açmady.

Bu hüjüm London wagty bilen öýlän sagat 2:40-da, bir adam awtoulagyny Wesminster köprüsinden ýokary tizlikde sürüp, pyýadalary kakdyryp, parlamentiň we Londonyň meşhur Big Ben diňiniň gapdalyndaky haýata gelip urmazdan öň azyndan iki adamy öldürende başlandy.

Polisiýa ol adamyň soň maşynyndan çykyp, parlamentiň awtoulaglar derwezesinden içine ylgandygyny we polisiýa ofiserini pyçaklandygyny aýtdy.

Şondan soň ol polisiýa ofiserleri tarapyndan tüpeňlendi we bejeriş üçin äkidilenden soň öldi.

Londonyň «Tiz kömek» gullugy Westminster köprüsindäki maşyndan ýaraly bolanlaryň 10 sansyny bejerendigini aýtdy.

Hassahana resmileri hüjümçiniň maşyny tarapyndan urlan adamlaryň birnäçesiniň «katastrofik» ýaralardan ejir çekendiklerini aýtdylar.

Köprüden Tames derýasyna gaçan bir aýal halas ediş işgärleri tarapyndan suwdan çykaryldy, emma onuň çynlakaý ýaralanandygy aýdylýar.

BBC-niň maglumatyna görä, hüjümçi maşynyny Webministr köprüsiniň demirgazyk çetinden ýöräp barýan fransuz mekdep okuwçylarynyň hem üstünden sürüpdir.

Fransiýanyň premýer-ministri Bernard Cazeneuve biraz soň ýaraly bolanlaryň arasynda 15-16 ýaş aralygyndaky fransuz okuwçlarynyň hem üçüsiniň bardygyny tassyk etdi.

Westminstr köprüsi Tames derýasynyň üstünden geçýär we hem maşynly, hem pyýada adamlar tarapyndan ulanylýar. Ol soňunda, özüniň demirgazyk çetiniň golaýynda Wesminister köşgüniň howlusyna direýär.

Premýer-ministr Tereza Meýiň sözçüsi onuň hüjüm mahalynda hiç bir zyýan görmändigini we sag-salamatdygyny aýtdy.

Ol hüjüm wagtynda Wekiller palatasynda eken we howpsuzlyk işgärleri tarapyndan derrew Downiň köçesiniň 10-njy jaýyndaky ofisine eltildi. Ol bu ýerde derrew adatdan daşary howpsuzlyk duşuşygyny çagyrdy.

Londonyň terrora garşy polisiýasy bu hadysany terror hereketi hökmünde doly derňemäge başlady.

Şu aralykda parlamentiň işi togtadyldy we parlament agzalary, adamlaryň gitmegine rugsat berilmezinden öň, beýleki adamlar bilen bilelikde, howludaky howpsuz ýerelere ýerleşdirildi.

Hüjümden soň, harby dikuçarlaryň ýokarda peýda bolmagy bilen, parlament binasynyň içinde Britaniýanyň agyr ýaraglanan ýörite güýçleri ýerleşdirildi.

Bu hüjüm Brýusselde bir ýyl ozal aeroportda we metroda bolan terror hüjümleriniň pidalarynyň ýatlanýan gününde boldy, şonda 35 adam ölüpdi. Bu Londonda 2005-nji ýylyň iýulynda bolan terror aksiýasyndan bäri iň uly terror hereketidir. 2005-nji ýylda london metrosynyň üç otlusy we bir awtobusy partladylypdy, şonda jemi 52 adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG