Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň owgan serhedine howsalaly gözegçiligi


Geçen gyş Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetlerinde ok atyşyklar bolupdy.

Ýaz aýlarynyň ýakynlamagy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň günortasyndaky ýagdaý adamlary aladalandyrýan bolsa gerek. Serhediň aňyrsynda, Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýy 2014-nji ýyldan bäri gitdigiçe ýaramazlaşýar.

Geçen onýyllykda, belki, ondan hem köpräk wagt bäri Demirgazyk Owganystan, aýratyn-da Kabul, Gandahar we Jalalabat regionlarynyň problemalardan çetde ýerleşýän günbatar-demirgazyk bölekleri belli bir derejä çenli asuda sebit hasaplanýardy.

Üstümizdäki gyş Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetdeş welaýatlarynda söweşler boldy, indi bolsa talyplaryň adata öwrülen bahar hüjümlerine garaşylýar.

Merkezi Aziýanyň raýatlaryny öz içine alýan jeňçi toparlar-da ýok däl. Şeýle hem “Yslam döwleti” atly toparyň tarapyny çalýan we özüni “Sedai Helafat” diýip atlandyrýan radiostansiýasy indi Owganystanyň demirgazygynda köplenç täjik we özbek dillerinde gepleşik berýär.

Bu ýyl Owganystandaky käbir adamlaryň arasynda Türkmenistan we Täjigistan owgan hökümeti tarapyndan duşman hasaplanýan owganlar bilen gatnaşyk açýar diýen şübhe-de ýok däl.

Häzirki ýagdaý garym-gatym welin, ýöne onuň basym mundan hem ýaramazlaşmagy mümkin. Siriýadaky we Yrakdaky jeňçi toparlara goşulmaga giden merkezi aziýaly jeňçileriň indi bu ýerledäki ýeňlişden gaçyp, Owganystana dolanýandygy aýdylýar.

Ýazyň ýakynlamagy bilen baglylykda “Qishloq Ovozi” soňky wagtlarda Täjigistan we Türkmenistan bilen serhetdeş demitgazyk owgan welaýatlarynda bolan wakalara göz aýlap geçmegi makul bildi.

Özbegistan bilen serhetdeş Balh welaýatynda Talyp güýçleriniň Germaniýanyň konsulhanasyna hüjüm etmegi muňa mysal bolup biler. Ýöne Balhdaky gazaply hereketler we gandöküşlik gündogardaky üç we günbatardaky dört welaýatdan pes bolmasa-da, medianyň ünsüni özüne köp çekenok.

Tahar, Gunduz, Balh we Jöwzjan welaýatlarynyň günortasynda, Farýabyň günbatarynda ýerleşýän Baglandaky, Samandardaky we Sari Puldaky ýagdaý Merkezi Aziýa bilen serhetdeş welaýatlardakydan has ýaramaz. Ýöne bu regionlar göni Merkezi Aziýa serhetinde ýerleşenok. Şol sebäpden olar bu syna goşulmady.

Türkmenistanyň günortasynda nämeler bolýar?

Türkmen-owgan araçäginiň uzynlygy 744 kilometr hasaplanýar. Ýöne täjik-owgan serheti barada bolşy ýaly, türkmen-owgan serhetiniň hem uzynlygyny mundan tapawutly edip görkezýän sanlar-da bar.

Türkmen-owgan araçäginiň gündogar böleginiň deslapky 100 kilometrligini Amyderýa emele getirýär.

Araçäk bu ýerden belli bir derejä çenli düzlük we uly bölegi Garagumuň eteginde ýerleşýän çägeligiň içi bilen günorta-günbatara tarap süýnüp gidýär.

Türkmenistan bilen serhetdeş owgan welaýatlary gündogardan günbatara tarap şular: Jöwüzjan, Farýap, Badgyz we Herat.

Bu sebit Birleşen Ştatlaryň 2001-nji ýylda başlanan harby operasiýasyndan soňra on ýyldan gowrak wagt bäri Owganystanyň iň asuda bölegi bolup durýardy.

Ýöne Talyban güýçleri 2013-nji ýylyň baharynda Farýap welaýatynyň Kaýsar etrabynda hökümet güýçleri bilen bir hepdeläp söweş alyp baranyndan soňra ýagdaý üýtgedi.

Ondan ozal hem Özbegistanyň yslamçy hereketiniň (ÖYH) söweşijilerine degişli kiçeňräk toparlar ýerli Talyban jeňçilerine kömek we türgenleşik bermek maksady bilen demirgazyk-günbatar Owganystana gelip başlapdylar.

2014-nji ýylyň tomsunda Pakistanyň Demirgazyk Waziristanda geçiren harby operasiýasy netijesinde, Özbegistanyň yslamçy hereketiniň söweşijileri öz maşgalalary bilen birlikde Owganystana gelip guýuldylar, ençemesi hem Türkmenistan bilen serhetdeş demirgazyk-günbatar welaýatlarda ýerleşdiler. Bular Owganystana gelenlerinden soňra gazaply hereketler göz-görtele arty.

ÖYH-nyň söweşijilerine degişli ýene bir topar 2015-nji ýylyň aýaklarynda Herat welaýatyna geldi. Aýdylyşyna görä, bulary öz toparynyň “Yslam döwletine” ygrarlydygyny yglan eden Özbegistanyň yslamçy hereketiniň lideri Usman Gazy iberipdir. Maksat Heratda “Yslam döwletine” goşulandygyny ozal yglan eden Talyban topary bilen birlikde “Yslam döwletine” goşulmadyk “köne” Talyban jeňçilerine garşy uruşmak.

Giden söweşlerde “köne” Talyban güýçleri “Yslam döwletiniň”, şeýle hem ÖYH-nyň tarapdarlaryny ýeňdiler. Netijede, talyp söweşijileri demirgazyk-günbatar Owganystanyň beýleki sebitlerine gaçyp gitdiler.

Jäwüzjan welaýatynyň ýaşaýjylary we resmiler “Yslam döwletini” dekabr aýynda bir obada 60 töweregi öýe ot berip, fewral aýynyň başlarynda hem Halkara Gyzyl haç guramasynyň alty sany owgan işgärini öldürenlikde aýyplaýarlar.

Jäwüjanyň Darzap etrabynyň başlygy Rahmattullah Haşaryň oktýabr aýynyň aýaklarynda aýtmagyna görä, “Daeşiň [YD] ýaraglary adamlary” bu etraba degişli dört obany eýeläpdir. “Owgan Yslam metbugaty” hem Yslam döwletiniň jeňçileriniň Darzapda Talybanyň bir serkerdesini öldürip, onuň dokuz söweşijisini ýesir alandygyny habar berdi.

Demirgazyk-günbatar Owganystanda ýagdaý örän çylşyrymly. Şol sebäpden belli bir topary duşman diýip görkezmek kyn. Owgan resmileriniň gaýtalap aýtmaklaryna görä, käbir jeňçiler, aýratyn-da çet ýurtlular özlerini bir gezek Talyban diýip atlandyrsalar, bir gezek Yslam döwleti diýip atlandyrýarlar.

Ýöne Haşar Talybany öz etrabyna hüjüm etmekde aýyplamak bilen bulary bir-birinden tapawutlandyrýar. Dogrudan hem Darzap etrabynda Talyban ýok däl. Fewral aýynda Jäwüzjan häkimliginiň sözçüsi Mohammad Reza Gafary Talyban jeňçileriniň bu etrapda 52 daýhany alyp gaçandygyny habar berdi. Muny Talybanyň sözçüsi Zabihullah Mujahid tassyklap, bu daýhanlaryň “dawaly ýerlerde ekin ekendigini”, olar jezalandyrylmalymy ýa-da däl, bu barada Talybanyň kazyýeti karar çykarmaly diýdi.

Darzap Jäwüzjan welaýatynyň günorta çeti bolup durýar. Türkmenistan bilen serhetdeş iki etrap Karkynda we Hamýapda soňky aýlarda belli bir derejä çenli asudalyk höküm sürýärdi. Muňa Owganystanyň wise-prezidenti general Abdul Raşid Dostumyň oktýabrda Jäwüzjan we Farýap welaýatlarynda geçiren hüjüminiň sebäp bolan bolmagy ähtimal.

2015-nji ýylyň oktýabrynda Hamýap etrabynda Dostum tarapyndan geçirilen howpsuzlyk operasiýasy jeňçileriň Amyderýanyň bir adasyna gaçyp atmagyna getirdi. Olar bu ýerde Türkmenistanyň serhet goragçylary bilen ýüzbe-ýüz boldular. Waka jeňçilere derýanyň owgan tarapyna geçmegi buýran türkmen serhetçilerine parahatçylykly tamamlandy. Ýöne jeňçiler welin, aýdylyşyna görä, derýanyň günorta kenaryna ýeten badyna ýok edilipdir.

Türkmenistan üçin has aladaly zatlar Farýap welaýatynyň Gormaç etrabyndaky wakalar. Sentýabryň ortalarynda Talyban Farýabyň günorta etraplary bolan Kaýsar, Puştun Kot, Hwaja Sabz, Almar we Gormaç etraplaryna hüjüme geçdi. 11-nji oktýabrda Talyban Gormaçy basyp alyp, ony on gün töweregi öz kontrollygynda saklady. Ýöne soňra Dostum tarapyndan ýola goýlan hüjümler sebäpli jeňçiler etrapdan gaçyp çykdylar.

Ondan iki ýyldan gowrak ozal, ýagny 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda bir ýaragly topar Gormaçdan Türkmenistana girip, üç sany türkmen esgerini öldürdi, olaryň ýaraglaryny alyp, yzyna Owganystana dolandy.

Ýagdaýy öňküsinden hem beter çylşyrymlaşdyran ýene bir zat hökümetiň tarapyny çalýan “Jamiat-e Islami” we “Junbaş-e Melli Islami” atly partiýalaryň tarapdarlarynyň arasynda turan söweş boldy. Azyndan bäş adamyň öldürilendigi aýdyldy. Iki tarapyň-da ot açmagy netijesinde 8 polisiýa işgäri ýaralandy. 2016-njy ýylyň mart aýynda Farýapda bolan gazaply hereketde-de bu toparlaryň ikisiniň eli bardy.

2014-nji ýylyň fewralynda serhetden geçip, Badgyz welaýatyndan Türkmenistana giren deslapky jeňçiler üç sany türkmen serhet goragçysyny öldürdiler.

Badgyz soňky wagtlarda Farýap we Jäwüzjan welaýatlarynda ýüz beren güýçli söweşler ýaly çaknyşyklara şaýat bolan welaýat däl. Ýöne Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyga garşy göreşýän edarasynyň 2016-njy ýyla degişli raportynda aýdylmagyna görä, ol Owganystanda göknar öndürmekde ikinji orunda durýar.

Häzirki wagtda Jäwüzjan, Farýap we Badgyzdaky problemalardan daşgary Türkmenistan üçin iň uly alada Heratdan gelýär. Mujahidiniň Sowet okkupasiýasy döwrüne degişli täsirli serkerdeleriniň biri bolan Ysmaýyl Han 8-nji martda türkmen hökümetini Talibany ýarag bilen üpjün etmekde aýyplady. Hanyň aýtmagyna görä, ol “Herata iberilýän ýaraglaryň Türkmenistandan gelýändigini” Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowa aýdypdyr. (Heratyň günorta etraby Şindantda ençeme hepde bäri söweş barýar).

Türkmenistan Hanyň bu aýyplamalaryny “esassyz” diýip, dessine ret etdi welin, ýöne demirgazyk-günbatar Owganystanda ýaşaýan ilatyň aglabasy türkmen hökümetine däl-de, Hanyň aýdýanlaryna ynanýana meňzeýär.

Resmi taýdan Türkmenistan bitarap ýurt. Muny Birleşen Milletler Guramasy 1995-nji ýylda ykrar etdi. Ol 1990-njy ýyllarda öz bitarplygyny saklap, owgan konfliktine garyşmazlygy başardy. Ýöne indi Owganystandan bolan jeňçileriň türkmen esgerlerini öldürmegi demirgazyk-günbatar Owganystandaky söweşijiler Türkmenistanyň bitaraplygy nädereje hormatlaýar diýen soragy oýarýar.

Türkmen hökümeti elden gelenini edýär. 2014-nji ýylda bolan wakadan bäri Türkmenistan özüniň gorag harajadyny ep-esli artdyrdy, aýdylyşyna görä, ol öz güýçleriniň 80 prosent çemesini Owganystan bilen aralykdaky serhetde ýerleşdiripdir.

Ýöne türkmen hökümeti goňşy owgan welaýatlary barada durnuksyz syýasaty alyp bardy. Ilki serhetiň aňyrsyndaky obalar bilen aragatnaşyk açyp, olara dürli ynsanperwer proýektler bilen kömek etmegi teklip etdi. Soňra hem bu syýasaty üýtgedip, germewler we garymlar bilen serhedi bekledi.

Türkmen häkimiýetleri Owganystanyň ýarym harby güýçleriniň serkerdelerine Aşgabatda saglyk taýdan berjegi almaga-da rugsat etdiler.

Resmi taýdan Aşgabat bolsa owgan serhetinde hiç bir problema ýok diýýär.

Täjigistanyň günortasynda nämeler bolýar?

Täjik-owgan serhetiniň näçe kilometrdigi belli däl. Araçägiň uzynlygyny görkezmek üçin köplenç berilýän sanlar 1206 bilen 1344 kilometr. Ýöne umumy serhetiň gündogar çetinden günbatar çetine bir çyzyk çekeniňde aralyk munuň ýarysy bolýar.

Täjik-owgan serhetiniň uly bölegi Pamir daglaryndan geçýär. Diňe araçägiň birnäçe ýüz kilometr çemesi bolan günbatar bölegi tekizlikden geçýär.

Owganystanyň Täjigistan bilen serhetdeş welaýatlary Badahşan, Tahar we Gunduz.

Bu welaýatlarda Talyban jeňçilerinden başga Jundullah diýilýän toparyň agzalary-da bar. Asly Merkezi Aziýadan bu topar ilki 1990-njy yýyllarda Özbegistanyň yslamçy hereketi diýip tanalan hem bolsa, soňra Talybana we Al-kaýda goşuldy.

Soňky ýyllarda ÖYH-nyň bu topary onuň täjik goly bolan Jamaat Ansarullah toparyna girdi. Asylnda özbekleriň agalygynda bolan bu topar indi täjik ýolbaşçylygynda dürli milletlerden bolan jeňçileri öz içine alýar.

Demirgazyk-günbatar Owganystandaky ÖYH-nyň tersine, bu topar özüniň Talyban bilen ýaranlygyny saklaýar.

2016-njy ýylyň aýaklarynda Talyban bilen Jundullah welaýat merkezi Gunduza hüjüm edip, ondan bir ýyl ozal hem edişleri ýaly, ony gysga wagtlap öz kontrollyklarynda sakladylar. Talyban Gunduz welaýatynyň Täjigistan bilen serhetdeş etraby Gala-e Zaly-da gysga wagtlap öz kontrollygyna geçirdi. Bu ýerde we Täjigistan bilen serhetdeş goňşy etrap Ymam Sahipde söweşler şindi-de dowam edýär.

Tahar welaýatynda ýerleşýän Dargat-da birnäçe wagtlap Talybanyň kontrollygynda galdy. Ol ýerde mart aýynyň başlarynda urlan zarbada owgan resmileri Talybanyň 15 jeňçisiniň öldürilendigini aýdýarlar.

Dargat häzir owgan, täjik we ors hökümetleriniň arasynda dürli problemalara sebäp bolup dur.

Sentýabr aýynyň aýaklarynda bolan hüjümde Talyban Badahşan welaýatynda Wardoj we Bahark etraplaryny gysga wagtlap ele geçirdi. Ýöne hökümet bu etraplaryň indi öz kontrollygyndadygyny aýtsa-da, bu ýerlerde bolýan hüjümleriň we heläkçilikleriň yzy üzülmän gelýär

Mart aýynyň başlarynda Gunduzyň häkimi Asadullah Amarhel Talybanyň Gunduz şäherine ýene hüjüm etmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy. Badahşanyň häkimi Ahmad Faýsal hem mart aýynyň başlarynda Ýamgan we Wardoj etraplaryny almak üçin basym harby operasiýa geçiriljekdigini belledi. Fewral aýynyň aýaklarynda Owganystanyň milli goşuny Tahar welaýatyndaky üç etrapda özüniň 14 obany gaýtaryp alandygyny aýtdy.

Bu zatlar täjik hökümetini, elbetde, aladalandyrýar. O diýen ähtimal bolmasa-da, Talybanyň serhetden geçmek howpy-da bar. Nähili-de bolsa, Täjigistanda Orsýetiň bir harby bazasy bar. Täjik häkimiýetleri ors harbylary bilen birlikde, Owganystan bilen serhetdeş sebitlerde dürli goranyş çärelerini ýola goýdular.

Ýöne alada sebäp bolýan bir täjigiň ýolbaşçylygyndaky Jundullah toparynyň Täjigistandan bolan käbir jeňçileri hem öz içine alýandygy. Aýratyn-da, täjik hökümeti halkyň arasynda ýokary abraýa eýe däl.

Demirgazyk-gündogarda “Yslam döwletiniň” jeňçileri bar diýilýän habarlarda diňe Duşenbäni däl, eýsem Moskwany-da biynjalyk edýär. Bu ýagdaý şol bir wagtyň özünde-de Owganystanda ors we täjik hökümetleriniň Talyban bilen ilteşigi bolmagy mümkin diýen soragy döredýär.

2015-nji ýylyň aýaklarynda Täjigistanyň garaşsyz habar gullugy “Asia-Plus” şol ýylyň tomsunda ors resmileriniň Talybanyň wekilleri bilen Kulob harby bazasynda duşuşandygyny habar berdi. Bu wekilleriň biri Tahar welaýatynda Dargat etrabyna kontrollyk eden Talyban serkerdesi Dinmuhammad Hanif diýilýär.

Orsýetiň Talyban bilen gatnaşykdadygy şondan bäri bilinmeýän däl. “Yslam döwleti” gündogar Owganystanda peýda bolanyndan soňra Moskwa Talybana ýol açdy. Munuň sebäbi Owganystanda

“Yslam döwletine” garşy uruşda Talybanyň hökümetiň güýçlerinden has täsirlidigi bolsa gerek.

Badahşanyň, Taharyň we Gunduzyň welaýat resmileri we harby ýolbaşçylary özleriniň howpsuzlyk meselelerini çözmekde ilerläp bilmeýändiklerini Orsýetiň ýerli Talybany ýarag bilen üpjün etmegi bilen delillendirýärler. 28-nji fewralda Owganystanyň “Kanal 1” telewideniýesi Orsýetiň Gunduz welaýatynyň Gala-e Zal, Ymam Sahip we Daşt-e Arçi etraplarynda Telyban birleşmelerini ýarag bilen üpjün edýändigini habar berdi.

Owganystanyň hökümet güýçleriniň Tahar welaýatynyň Dargad etrabyny gaýtaryp alyp bilmeýändigini hem şu aýyplamalar bilen düşündirýärler.

Owgan resmileriniň käbiri mundan hem aňry geçip, Täjigistanyň Talybanyň awtoulaglaryna bejergi üçin öz territoriýasyna girmäge we ýaraly Talyban jeňçilerine medisina kömeklerinden peýdalanmaga, şeýle hem söweşijilere Pänçderýanyň gür agaçly adalarynda gizlenmäge ýol berýänlikde aýyplaýarlar.

Täjik häkimiýetleri bu aýdylýanlary inkär edýärler, Orsýet hem Talybana ýarag berýändigini ret edýär. Ýöne birek-birege bolan barha artýan ynamsyzlyk garym-gatym ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG