Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan polisiýasyna görä, terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda 7 adam tussag edildi


Hüjümiň bolan ýerinde derňew geçirilýär, London, 23-nji mart, 2017
Hüjümiň bolan ýerinde derňew geçirilýär, London, 23-nji mart, 2017

Britaniýanyň polisiýasy gün ozal Londonda parlamentiň golaýynda bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda ýedi adamy tussag edendigini 23-nji martda habar berdi.

Britaniýanyň terrora garşy baş ofiseri Mark Rowleý Londonda, Birmenghamda we beýleki ýerlerde alty sany dürli adres boýunça barlaglaryň geçirilendigini aýtdy, emma detallar bermekden ýüz öwürdi.

Munuň öňýanynda Britaniýanyň media serişdeleri polisiýanyň Londonda bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda Birmingham şäherinde bir ýaşaýyş jaýa reýd geçirendigini habar berdi.

Polisiýa 23-nji martda irden geçirilen reýd barada maglumat bermekden saklandy, emma “Sky News” we “Press Association” agentlikleri ady agzalmadyk çeşmelere salgylanmak bilen bu reýdiň 22-nji martda Londonda geçirilen terrorçylykly hüjüm bilen baglydygyny habar berdiler.

Mark Rowleý hüjümde ölebleriň sanyny aşakladyp, dört adamyň, şol sanda hüjümçiniň ölendigini aýtdy.

Polisiýa 22-nji martda bäş adamyň ölendigini, şol sanda polisiýa ofiseriniň, hüjümçiniň we ulag tarapyndan urlup heläk bolan üç adamyň wepat bolandygyny habar beripdi.

Rowleý ýaralananlardan ýedi adamyň agyr ýagdaýdadygyny aýtdy.

Hüjümçi polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

Polisiýa öldürilenlerden başga 20 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň bir hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýandygyny aýtdy. Emma olar terrora garşy derňewi dowam etdirýärler we bu hüjüme dahylly başga adamlaryň hem bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar.

Britaniýanyň terror garşy ýokary derejeli ofiseri Mark Rowley hüjümiň motiwiniň "yslamçylyga dahylly terrorizm" bolmagynyň çaklanylýandygyny aýtdy, emma goşmaça detallary açmady.

Bu hüjüm London wagty bilen öýlän sagat 2:40-da, bir adam awtoulagyny Westminster köprüsinden ýokary tizlikde sürüp, pyýadalary kakdyryp, parlamentiň we Londonyň meşhur Big Ben diňiniň gapdalyndaky haýata gelip urmazdan öň azyndan iki adamy öldürende başlandy.

Polisiýa ol adamyň soň maşynyndan çykyp, parlamentiň awtoulaglar derwezesinden içine ylgandygyny we polisiýa ofiserini pyçaklandygyny aýtdy.

Şondan soň ol polisiýa ofiserleri tarapyndan tüpeňlendi we bejeriş üçin äkidilenden soň öldi.

XS
SM
MD
LG