Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýarag ammarynda bolan partlama sebäpli müňlerçe adam göçürildi


Balaklia harby bazasynyň ýarag ammarynda dörän ýangyn, Harkiw regiony, 23-nji mart, 2017.

Ukrainanyň Harkiw şäheriniň golaýynda ýarag saklanýan ammarynda ýangyn döräp, birnäçe güýçli partlama emele geldi, häkimiýetler ony “sabotaž” diýip atlandyrdylar we golaýda ýaşaýan müňlerçe adamy ewakuasiýa etdiler.

Premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman goşunyň Harkiw şäheriniň golaýynda Balakliýada ýerleşýän harby bazasyna tarap barýandygyny aýtdy. Bu ýer hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konfliktde front liniýasyndan 100 çemesi kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Baş harby prokuror Anatoliý Matios derňewçileriň partlamanyň bolan ýerinde işleýändigini aýdyp, ýangynyň we partlamanyň “sabotažyň netijesi” diýip hasap edýändigini mälim etdi.

Resmiler ýangynyň zyýany barada derhal habar bermediler. Olar 20 müň çemesi ýerli ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini aýtdylar.

Müňlerçe tonna harby enjam we ýarag, şol sanda top oklary we raketalar saklanýan bu ýer ukrain goşunynyň üpjünçiligi üçin ulanylýardy.

XS
SM
MD
LG