Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ahal-teke atlary barada film döredildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda ahal-teke atlaryna bagyşlanan täze film döredildi.

Resmi maglumata görä, filmiň mazmuny ady belli çapyksuwar bolmagy arzuw edýän oglanjygyň öz görelde alýanyny, nusgasyny synlaýandygyny beýan edýär. 12 ýaşly oglan Merdan üçin nusganyň at ýaryşlarynda mydama üstün çykýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdygy we onuň agtygydygy mälim edilýär.

“Türkmenfilm” kinostudiýasynda kinorežissýor K.Annanowyň ýolbaşçylygynda döredilen “At-myrat” atly filmiň Aşgabadyň we Mary şäheriniň kinoteatrlarynda görkezilendigi we şu aýda milli telewideniýede görkeziljekdigi habar berildi.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistany dolandyrýan we golaýda ýedi ýyllyk möhlet bilen täzeden prezident saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň guramaçylygynda geçirilýän at ýaryşlarynda ýeňiji diýlip yglan edilýär we esasy baýraga eýe bolýar, hususan-da, 2013-nji ýylyň at çapyşygynda ýeňijiniň baýragy 11 million dollara barabar bolupdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň prezidenti ýurtda geçirilýän awtoulag hem tigir ýaryşlarynda hem birinji orny eýeläp gelýär.

XS
SM
MD
LG