Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda işsizligiň hakyky derejesini kim bilýär?


Aýallary işledýän erkek
Aýallary işledýän erkek

Azatlyk radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesi Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň altmyş prosente golaýdygyny habar berýär.

Çeşme bu habary golaýda Türkmenistanyň Merkezi bankynda bolan maslahatda, hökümet başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýew bilen bankyň başlygynyň arasynda bolan sorag-jogaba salgylanyp aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňky döwürde türkmen resmileri her hepde birnäçe maslahat geçirip, ýurtdaky ykdysady kynçylyklara çözgüt gözleýärler we şeýle maslahatlaryň birinde wise-premýer Merkeziň bankyň başlygyndan ýurtdaky işsizligiň derejesini soraýar. Bank ýolbaşçysy bu soraga «işsizligiň derejesi azyndan 59%» diýip jogap berýär. Kakaýew gulagynyň eşidýänine ynanman, «sen näme diýýäniňi bilýäňmi?» diýip gatyrganýar.

«Emma ol sözünde durdy, onsoň Kakaýew statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygyny ýerinden turuzdy, emma ol işsizligiň derejesi baradaky soraga anyk jogap bermedi, netijede olar işsizligiň hakyky derejesi barada uzak wagtlap çekeleşdiler» diýip, şol maslahatda bolan ynamdar çeşme Azatlyk radiosyna telefon edende aýtdy.

Angliýanyň Glazgow uniwersitetiniň professory, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspert Luka Ançeski Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky işsizligiň derejesiniň şäher ýerlerinde däl-de, oba ýerlerinde has ýokary bolmagynyň mümkindigini, hususan-da işsizligiň soňky 12-24 aýda gazdan gelýän girdejiniň kemelmegi bilen ýitirilen iş orunlary zerarly köpelen bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýar.

Şol bir wagtda-da professor Ançeski "60 prosent işsizlik gaty ýokary bolýar, belki-de azyndan 50, 55 prosent bardyr" diýen pikirde saklandy.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derejesi barada statistiki maglumatlary çap etmeýär. Emma muňa garamazdan, garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýurtda işsizleriň sanynyň artýandygy aýdylýar. Ýurt içindäki we daşyndaky çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, soňky on ýylda raýatlaryň, hususan-da aýallaryň daşary ýurtlardan iş gözlemesi yzygiderli artýar.

Mundanam başga, Türkmenistandan çykanlaryň köpüsiniň yzyna dolanmaga juda ýaýdanýandygy, sebäbi olaryň daşary ýurtda tapýan gazançlaryny ýurtda tapyp boljagyna ynanmaýandygy habar berilýär.

Türkmen işsizliginiň 50-60 prosente ýetendigi baradaky habarlar, elbetde, ilkinji gezek peýda bolmaýar.

«Fergana» habar gullugy, Business Insider neşirine salgylanyp, 2013-nji ýylyň başynda Türkmenistandaky işsizligiň derejesiniň 60 prosentdigini habar berdi.

Business Insider neşiriniň analitikleri bu netijä ABŞ-nyň Merkezi aňtaw edarasynyň maglumatlary esasynda gelipdirler.

Rus metbugatynyň, hususan-da «Nezawisimaýa gazetanyň» geçen ýylyň oktýabrynda beren maglumatynda türkmen işsizliginiň derejesiniň 50 prosentden gowrakdygy aýdylýar. Ýöne neşir şonda 2016-njy ýylyň aýagyna çenli ýurduň demirýol işgärleriniň 30 prosente golaýynyň işini ýitirjekdigini çaklapdy.

Emma Türkiýede 15 ýyldan bäri ýaşaýan türkmen migranty Arzuw Türkmenistandaky işsizligiň derejesiniň çaklap bolmaz derejede ýokarydygyny aýdýar we «aslynda ýok bolan işiň ölçegi bolmaz» diýip pikir edýär. Şeýle-de ol soňky 15 ýylda ýurtdan iş gözläp gelýänleriň sanynyň ýyl-ýyldan köpelýändigini tassyklaýar.

Arzuwyň pikiriçe, henizem Türkmenistanda aeroportdan geçip bilmän, yzyna dolanýan adam kän, «ýogsa Türkiýä gaýtjak migrant işçiniň sany-sajagy-da bolmazdy».

Azatlyk radiosynyň «Türkmenistanlylar başda näçeräk pul üçin gelýärler?» diýen soragyna Arzuw işsizleriň köpüsiniň ilki «aýda 200-300 ýüz dollar-da işlejek, çagalarym aç galmasa bolýar» diýýändiklerini, soň Türkiýede 200-300 dollaryň zat däldigini görüp, 600-700 dollara işläp başlaýandyklaryny aýdyp jogap berdi.

Türkmenistanly Arzuwyň tassyklamagyna görä, Türkiýede işleýän türkmen migrantlary şol gazanan pullaryny esasan yza, ýurtda galan çagalaryna, maşgala agzalaryna iberýärler.

XS
SM
MD
LG