Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Berdimuhamedowlaryň monarhiýasy emele gelýär”


Berdimuhamedowlaryň maşgalasy
Berdimuhamedowlaryň maşgalasy

“Türkmenistanyň adyny üýtgedip, Gurbangulyň ýurdy diýmeli boldy” – bu Azatlyk Radiosynyň websaýtynda Türkmenistanyň prezidentiniň oglunyň Mejlisde ýokary wezipä bellenmegi bilen baglylykda okyjylardan gelen onlarça teswirlerden biri.

Şu hepdäniň başynda Serdar Berdimuhamedowyň Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanmagy bilen baglylykda taýýarlanan makala Azatlyk Radiosynyň hem webýsaýtynda, hem-de sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda onlarça teswir çekdi.

Gepiň gerdişine görä bellesek, makalada galdyrylan teswirleriň aglaba böleginde üç aý mundan ozal Mejlise deputat saýlanan Serdar Berdimuhamedowyň Parlamentde eýýäm ýokary wezipä bellenmegi tankytlanyp, munuň netijesinde ýurtda “Berdimuhamedowlaryň monarhiýasynyň emele gelýändigi” baradaky pikirler hem orta atylypdyr.

“Bolaýypdyr, Gurbanguly joralaryny welaýat häkimleri edip bellesin, ýegenlerini-de ministr edip belläýsin... Ýaşasyn Arkadagyň monarhiýasy” diýip, “Bolanokstan” lakamly okyjy kinaýa bilen öz pikirini jemläpdir.

Beýleki bir tarapdan, Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň ýene aglaba bölegi bu habaryň özleri üçin “garaşylmadyk ýagdaý bolmandygyny” aýdyp, teswir galdyrypdyrlar.

Sebel Nur “[bu wezipä bellenmese] haýran galardym” diýen bolsa, Balhiýa Bäşimowa “Asla haýran galmadym. Diňe gülmek bilen çäklendim” diýip, öz pikirini galdyrypdyr.

Şol bir wagtda, teswirleriň arasynda prezident G. Berdimuhamedowyň oglunyň Mejlisde ýokary wezipä bellenmegini “goldap”, oňa “üstünlik” arzuw edýän teswirler hem bar.

Özüni “Garaja oglan” diýip atlandyran okyjylarymyzyň biri “Akyl ýaşda däl, başda diýilýär, wezipesini abraý bilen ýetirer” diýip, umyt bildirse; Serdar Berdimuhamedowy şahsy tanaýana çalym edýän Muhammet atly okyjymyz “Ýaş bolsa-da işiňi oňarýar, zehinli, erjel oglan. Täze wezipesini abraý bilen ýerine ýetirer” diýip, pikirini galdyrypdyr.

Belläp geçsek, ýokardaky teswirler-de öz gezeginde beýleki okyjylaryň arasynda ençeme garşylykly pikirleriň döremegine sebäp boldy.

Galyberse-de, Serdar Berdimuhamedowyň Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanmagy bilen baglylykda efirde we çap görnüşinde beýan edip bolmaýan başga-da onlarça pikir-garaýyşlar bar.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, ýokardaky teswirler Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň öz şahsy pikir-garaýyşy bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny hiç bir görnüşde aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG