Sepleriň elýeterliligi

Allaşowyň soňky ykbaly nämälimligine galýar


Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň geçen aý türkmen türmesinden azat edilen habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň soňky ykbaly nämälim bolmagynda galýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy H. Allaşow, ejesi – Gurbantäç Arazmädowa bilen birlikde 3-nji dekabrda türkmen howpsuzlyk gulluklary tarapyndan öz öýünde tussag edilipdi.

Türkmen häkimiýetleri olara bikanun nas serişdelerini saklamakda aýyplama bildirse-de, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti, şeýle-de adam hukuklaryny we media erkinligini goraýjy halkara guramalary Allaşowyň tussag edilmeginiň düýp sebäbini onuň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrypdylar.

Türkmen türmesinde ýenjilip, dürli gynamalara sezewar edilen 27 ýaşly Allaşowyň dessine azat edilmegi ugrunda ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli resmileri, şeýle-de halkara guramalary ençeme tapgyr çagyryşlar bilen çykyş edipdiler.

Netijede, 15-nji fewralda, Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlarynyň yz ýanyndan, Hudaýberdi Allaşow ejesi bilen suduň zalyndan azatlyga goýberildiler. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent bu habary gowy garşylady.

Emma 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Özbegistandan Türkmenistana gelen we şondan bäri raýatlygy berilmän gelinýän Allaşowyň we onuň ejesiniň soňky ykballary barada hiç hili maglumat almak başartmaýar.

Hudaýberdi Allaşowyň we onuň maşgala agzalarynyň aragatnaşyk serişdeleriniň hem ellerinden alynmagy, olaryň jan-saglygynyň ýagdaýy dogursynda hem aladalary döredýär.

Azatlyk Radiosynyň H. Allaşowyň ykbaly bilen baglylykda ýerli häkimiýetler bilen habarlaşmak synanyşyklary-da hiç hili netije bermedi.

Hudaýberdi Allaşow Azatlyk Radiosy bilen geçen oktýabrdan bäri işleşip başlap, ol Daşoguzdaky mejbury pagta kampaniýasy, azyk gytçylygy, aýlyklaryň ençeme wagtlap berilmän saklanýandygy barada maglumatlar taýýarlaýardy.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky başga bir habarçysy – Saparmämmet Nepesgulyýewiň-de ykbaly häzirki güne çenli nämälim bolmagyna galýar.

S.Nepesgulyýew 2015-nji ýylda tramadol serişdelerini saklamakda aýyplanyp, tussag edilip, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary türkmen häkimiýetleriniň Nepesgulyýewden onuň žurnalistiki işi üçin ar almak maksady bilen bu aýyplamalary toslandyklaryny nygtap, onuň azatlyga goýberilmegi ugrunda çagyryş edip gelýärler.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, soňky döwürde türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna we olaryň dogan-garyndaşlaryna edýän basyşlary has-da güýçlendi.

XS
SM
MD
LG