Sepleriň elýeterliligi

Londondaky hüjümçiniň şahsyýeti mälim edildi


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý parlamentde çykyş edýär.

Londonyň polisiýasy Westminster terror hüjümçisiniň Khalid Masud bolandygyny mälim etdi. 52 ýaşly Masud Britaniýada doglupdyr. Oňa öň terrorizm aýyplamalary boýunça hiç hili iş açylmandyr.

Şu aralykda «Yslam döwleti» topary 23-nji martda resmi däl «Amak» habar gullugy arkaly Londonda, britan parlamentiniň ýanynda terror hüjümini amala aşyran adamyň özleriniň «esgeri» bolandygyny aýtdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý Londonda, parlament binasynyň golaýynda bolan terror hüjüminde üç ynsany öldüren hüjümçiniň Britaniýada doglan, “biziň demokratiýamyzy sem etmäge synanmazyndan» öň hem polisiýada bilinýän kişi bolandygyny aýtdy.

Premýer-ministr 23-nji martda Wekiller palatasyna bu hüjümçiniň howpsuzlyk resmileri tarapyndan bilinýän «esasy däl şahsdygyny» we «birnäçe ýyl öň» zorlukly ekstremizmde derňelendigini aýtdy.

Häkimiýetler hüjümçiniň Westministr köprüsinde pyýadalaryň üstünden maşyn sürüp, iki adamy öldürendigini, 40 adamy bolsa ýaralandygyny aýtdylar. Şondan soň ol polisiýa ofiserini pyçaklap, oňa ölüm ýarasyny salypdyr.

Başda ady aýdylmadyk hüjümçi, nobatçy ofiseri pyçaklanyndan soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

“Düýn bir terrorçylyk akty biziň demokratiýamyzy sem etmäge synandy, emma biz bu gün özümizden öňki nesilleriň edişi ýaly kadaly duşuşdyk, geljeki nesiller hem muny şeýle dowam eder, ýagny olar biziň gorkmaýandygymyzy we öz aýgytlylygymyzyň terrorizmiň öňünde hiç wagt ýaýaplamajakdygyny görkezerler» diýip, Meý aýtdy.

Britaniýanyň terrorçylyga garşy baş ofiseri Mark Rowley Londonda, Birmingemde we beýleki ýerlerde, alty sany dürli-dürli adresde öý dökülendigini, sekiz admyň tussag astyna alnandygyny aýtdy, emma derňewiň dowam edýändigi üçin, başga detallary açmady.

Rowley ýaraly bolup, hassahana eltilen 29 adamyň ýedisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

“Biz muňa şindem ynanýarys, ol biziň dowam edýän derňewlerimiz esasynda gelen netijämiz, bu hüjümçi düýn ýekelikde, halkara terrorizminden ruhlanyp hereket etdi» diýip, Rowley metbugat ýygnagynda aýtdy. “Has açyk aýtsam, häzirki pursatda jemgyýetçilik üçin mundan aňry wehim ýok» diýip, ol sözüni jemledi.

Ejir çekenleriň 12-si britan, 3-si fransuz çagalary, ikisi rumyn, dördüsi günorta koreýaly, biri german, biri polýak, biri hytaýly, biri amerikan we ikisi grek diýip, Meý aýtdy.

BBC hüjümde ulanylan maşynyň geçen hepde Birmingemde, Londondan 165 km uzaklykda ýerleşýän Midlands şäherinde kireýine alandygyny habar berdi.

Polisiýa hüjümçiniň bu hereketi özbaşyna amala aşyrandygyny aýtdy, ýöne olar başgalaryň hem oňa gatnaşan bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar.

Bu hüjüm London wagty bilen öýlän sagat 2:40-da, bir adam awtoulagyny Westministr köprüsinden ýokary tizlikde sürüp, pyýadalary kakdyryp, parlamentiň we Londonyň meşhur Big Ben diňiniň gapdalyndaky haýata gelip urmazdan öň azyndan iki adamy öldürende başlandy.

Polisiýa ol adamyň soň maşynyndan çykyp, parlamentiň awtoulaglar derwezesinden içine ylgandygyny we polisiýa ofiserini pyçaklandygyny aýtdy.

Şondan soň ol polisiýa ofiserleri tarapyndan tüpeňlendi we bejeriş üçin äkidilenden soň öldi.

Hüjümçi tarapyndan pyçaklanan polisiýa ofiseri biraz soň hassahanada ýogaldy.

Köprüden Tames derýasyna gaçan aýal halas edildi. Emma onuň çynlakaý ýaraly bolandygy aýdylýar.

Premýer-ministr Meý hüjüm mahalynda Wekiller palatasynda eken we derrew Downiň stritdäki ofisine ewakuasiýa edildi we ol bu ýerde adatdan daşary maslahat geçirdi.

Meý 23-nji martda hökümetiň bu hüjümden soň terrorçylyk howpunyň derejesini ýokary galdyrmajakdygyny, ýagny onuň ikinji ýokary derejesinde galjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG