Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senaty Çernogoriýanyň NATO agza bolmagy boýunça ses berer


Senatda köpçüligiň lideri Mitç Makkonnell

ABŞ-nyň Senaty Çernogoriýanyň NATO bileleşigine agza bolmagy boýunça arzasyny makullamak ugrunda indiki hepdede ses berişlik geçirer, diýip Senatda köpçüligiň lideri Mitç Makkonnell 23-nji martda aýtdy.

Ses berişligiň geçirilmeginiň wagty Çernogoriýanyň bileleşige kabul edilmegi baradaky arzasyna garalmagynyň uzak wagtlap yza tesdirilmeginden soň Trampyň administrasiýasynyň kanun çykaryjylardan şu hepdede gyssagly çäre görmegi soramagyndan soň kesgitlendi.

Döwlet sekretary Reks Tillersonyň Senatyň liderlerine hat ýazyp, Çernogoriýanyň NATO bileleşigine agza bolmagyny oňlamaga çagyryş edendigini we munuň ABŞ-nyň uly bähbidine diýip belländigini 21-nji martda Reuters habar berdi.

650 müň ilatly Çernogoriýanyň NATO agza bolmagy üçin onuň kabul edilmegini bileleşigiň 28 agza ýurdunyň ählisiniň makullamagy gerek.

XS
SM
MD
LG