Sepleriň elýeterliligi

'Talyban' Helmand welaýatynyň merkezi Sangini eýeledi


Owganystanyň ýerli polisiýa topary (ALP), Helmand welaýatynyň Sangin etraby, 31-nji ýanwar, 2017

“Talybanyň” söweşijileri 23-nji martda Helmand welaýatynyň strategik merkezi Sangini eýelediler we hökümet güýçlerini bu ýerden gysyp çykardylar.

“Aýgytly goldaw missiýasynyň” aýtmagyna görä, täze ştabyň iki kilometr günorta tarap göçürilmeginden soň etrap merkezi boşap galypdyr, ABŞ-nyň we Owganystanyň harbylary yza çekilmeginden öň binalary, enjamlary we sandan çykan ulaglary bilgeşleýin ýok edipdir.

Owgan güýçleri “etrap merkezini iki aýlap goradylar we öz şertlerine görä terk etdiler. Olaryň “Talybana” galdyran ýeke-täk zady ýykan-ýumranlyk we zir-zibil” diýip, missiýa Facebook arkaly habar berýär.

Helmandyň häkiminiň metbugat-wekili owgan güýçleriniň etrap merkezinden “yza çekilmek taktikasyny” raýat pidalarynyň öňüni almak üçin ulanandygyny aýtdy.

Sanginde Owganystanda “Talyban” režiminiň agdarylmagyndan soň ençeme ýyllap güýçli söweşler dowam etdi.

Sangin Owganystanyň 400 çemesi regional etraplary bilen deňeşdirilende ABŞ-nyň we Britaniýanyň harbylarynyň iň köp wepat bolan ýeri hasaplanýar.

ABŞ-nyň we Britaniýanyň güýçleri 2013-nji ýylda Sanginiň howpsuzlygynyň jogapkärçiligini owgan hökümet güýçlerine tabşyrdylar.

XS
SM
MD
LG