Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Londonda bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda Britaniýa gynanç bildirdi


22-nji martda bolan terrorçylykly hüjümiň pidalarynyň hatyrasyna geçirilýän matam çäresi, Londonyň Trafalgar meýdançasy, 23-nji mart, 2017.

Türkmenistanyň prezidentiniň Londonda bolan terrorçylykly hüjüm bilen baglylykda Beýik Britaniýa gynanç bildirendigi habar berilýär.

“Türkmenistan terrorizmiň we ekstremizmiň islendik görnüşlerine garşy aýgytly çykyş edip halkara jemgyýetçiliginiň bu zuluma garşy göreşmek boýunça tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, resmi beýannamada bellenýär.

22-nji martda Britaniýanyň paýtagtynyň merkezinde bolan hüjümiň netijesinde azyndan dört adam, şol sanda polisiýa ofiseri wepat boldy, hüjümçiniň özi atylyp öldürildi.

Onlarça adam ýaralandy, olaryň arasynda 12 ýurduň raýatlarynyň bardygy habar berildi.

Britaniýanyň terrorizme garşy baş wekili Mark Rowleý terrorçylykly hüjümiň derňewleri bilen baglylykda polisiýanyň dokuz adamy tussag astynda saklaýandygyny, bir adamyň girew astynda boşadylandygyny 24-nji martda habar berdi.

XS
SM
MD
LG