Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda çanak antennalarynyň sökülmegi dowam edýär


Mejbury ýagdaýda sökülýän antennalarynyň öwezine hiç zat tölenmeýär.

Aşgabadyň resmileri paýtagtyň dürli raýonlarynda raýatlaryň çanak antennalaryny mejbury ýagdaýda sökmegini dowam etdirýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň berýän maglumatynda, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň öz habarçylarynyň hem tassyklamagyna görä, häzir satellit antennalaryny aýyrmak işleri paýtagtyň 11-nji mikroraýonynda alnyp barylýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri soňky dört ýylyň dowamynda aşgabatlylaryň çanak antennalaryny köpçülikleýin ýagdaýda sökmek boýunça kampaniýa alyp barýarlar.

Resmiler muny “Aziada-2017” oýunlarynyň öňüsyrasyndaky “paýtagty abadanlaşdyrmak” işleri bilen düşündirseler-de; halkara guramalary munuň adamlaryň garaşsyz informasiýa edinmek, hususan-da türkmen dilinde gepleşik berýän ýeke-täk garaşsyz habar çeşmesi bolan Azatlyk Radiosyny diňlemek mümkinçiliklerini çäklendirmegi maksat edinýändigini nygtaýarlar.

Gepiň gerdişine bellesek, aşgabatlylaryň mejbury ýagdaýda sökülýän antennalarynyň öwezine hiç zat tölenmän, ýaşaýjylara diňe döwlet eýeçiligindäki kompaniýalaryň kabel liniýalary arkaly hödürleýän telekanallaryny çekdirmek teklip edilýär.

Ýöne bu tölegli hyzmatlardan peýdalanmak boýunça hem raýatlaryň dürli böwetler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna üns çekilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri kabel telewideniýesini çekdirjek bolýanlardan indi “Öý kitabyny” we pasportlarynyň ähli sahypalarynyň nusgasy soralýandygyny aýdýar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan paýtagtlylar döwletiň hödürleýän kabel liniýalarynda dowamly bökdençlikleriň ýüze çykýandygyndan, gerekli zerur tehniki hemaýatynyň hem gijikdirilip berilýändiginden zeýrenýärler.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň satellit antennalary mejbury sökýän pursatlary, döwlet mediasy 2015-nji ýylda äleme uçurylan “TürkmenÄlem 520E” sputnigine owgan kanallarynyň hem goşulandygyny mälim etdi.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, Türkmenistan media azatlygyna gözegçilik edýän guramalaryň hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň soňky orunlarda ýerleşdirilip, prezident G. Berdimuhamedow hem “Iinternetiň ganym duşmany” diýlip atlandyrylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG