Sepleriň elýeterliligi

Gadymy özbek şäherine UNESKO-daky statusyny ýitirmek howpy abanýar


Şahrisabzyň taryhy merkezi.

Milli kimlik döretmekde we turizmiň üsti bilen özüniň gadymy geçmişinden köpräk girdeji almakda gyssanmaç hereket eden Özbegistanyň ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Şahrisabz şäherindäki uly girdeji çeşmesiniň kesilmegi mümkin.

Şahrisabzyň merkezinde ýerleşýän orta asyrlara degişli giňligi 70 gektara deň oturymly mähelleler turizme köpräk ýol açmak maksady bilen döwlet tarapyndan düzülen ösüş plany boýunça tekizlendi.

UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda durýan şäheriň indi bu arzyly statusyny ýitirmegi mümkin. Sebäbi Birleşen Milletler Guramasynyň medeni düşünjäni we gadymy mirasy goramagy goldaýan edarasy mümkin boljak indiki zyýanlaryň öňüni nädip almagyň ýollary hakda oýlanýar.

Şahrisabzda alnyp barylýan bu iş bakdaky permany özbek hökümeti 2014-nji ýylyň başlarynda merhum prezident Yslam Kerimowyň döwründe çykardy.UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyndaky iki sany gadymy “mähelle” tekizlenip, olaryň deregine giň bulwar, awtoulag goýulýan ýer we uzyn meýdan döredildi. BMG-niň edarasy muny “turistler üçin ýörite kiosklary bolan we belli tema bagyşlanan döwrebap seýil bagy” diýip häsiýetlendirýär.

Öňki sowet respublikasy Özbegistan 1991-nji ýylda garaşsyzlyga çykaly bäri milli kimligini döretmek üçin, özüniň baý geçmiş taryhyna daýanýar. Seýil bagynyň UNESKO tarapyndan tankytlanýan temasy 14-nji asyrda temirit dinastiýasynyň düýbüni tutan emir Temir. Onuň heýkeli hem 1996-njy ýylda Kerimowyň hökümeti tarapyndan oturdylaly bäri meýdanyň depesinden garap dur.

Şahrisabzyň ýakynynda dünýä inen Temir şäheriň galan gadymy ýadygärlikleri bolan Oksaraý köşgüni we Dorus Saodat mawzoleýini gurupdyr. Temiriň uly ogly Jahangiriň gubury şu mawzoleýde ýerleşýär.

Bu ýadygärlikleriniň ikisi-de Temiriň medeni ikona hökmünde dabaralandyrylýan ýeri bolan täze parkda ýerleşýär.

Şahrisabzyň orta asyrlara degişli UNESKO-nyň sanawyndaky mähelleleriniň tekizlenmegi bilen indi parkda gezelenje çykýan adamlar Temiriň äpet heýkelini bir kilometrden hem uzak aralykdan bökdençsiz görüp bilýärler.

Şahrisabzyň goragly ýadygärlikleriniň gapdalynda döwrebap turistik myhmanhana gurmak baradaky plana 2016-njy ýylda UNESKO-nyň işgärleriniň ara goşulyp, Daşkentden planlaryň durzulmagyny soransoň, togtadyldy.

Ýöne ýetjek zyýan eýýäm ýetipdir. Plana ýol açmak üçin gadymy köçeler sökülip, UNESKO-nyň statusyna laýyklykda goralmaly gadymy suw üpjünçilik ulagamy we ýaşyl zonalar weýran edilipdir.

Sanawa alynmalymy ýa däl?

Şäheriň bütindünýä medeniýetine goşan goşantlary “howp astynda” diýen sanawa alnandygy sebäpli, UNESKO indi Şährisabyzyň bütindünýä medeni mirasy statusyny ýatyrmak barada oýlanýar.

UNESKO-nyň Bütindünýä medeni miras merkeziniň Aziýa-Pasifik bölüminiň başlygy Feng Jing “turizm sektorynyň çenden aşa ösdürilmegi” Şahrisabzyň “belli uniwersal gymmatlygyny” dargadypdyrmy ýa ýok, esasy mesele şol diýýär.

“Özbegistandaky Şahrisabzyň taryhy merkezi adatdan daşary ýadygärlikleriň toplumyny we şäheriň sekulýar ösüşi başdan geçirendigine şaýatlyk edýän gadymy medeniýetleri öz içine alýar. Şäher planlaşygynda hem ol Merkezi Aziýa häsiýetli taryhy merkez bolup durýar. Ýöne 2014-nji ýyldan bäri turizmi ösdürmäge gönükdirilen proýekt Bütindünýä medeni mirasyna degişli meýdanyň edil ortasynda alnyp baryldy. Bu hem belli uniwersal gymmatlyga täsir etdi ýa-da ony howp astyna saldy”.

“Şu baglanyşykda, taryhy merkeziň taryhy görnüşi üýtgedi” diýip, Jing aýdýar.

Jingiň bellemegine görä, Şahrisabzyň taryhy merkezi “şäher planlaşygy boýunça orta asyrlara degişli şäherçe hökmünde” UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna 2000-nji ýylda girizilipdir.UNESKO-nyň ekspertleri merkeziň strukturasyny “Samarkanda we Buharanyňka meňzeş” diýip suratlandyrypdyrlar.

Ekspertler şeýle hem Şahrisabzyň ýadygärliklerine we “gadymy öýlerine Temirit imperiýasynyň beýleki merkezleri bolan Samarkant we Heratdaky öýler bilen deň diýip baha beripdirler.

“Turizm proýektleriniň alnyp barlan ýeri - taryhy şäheriň merkezindäki gadymy mähelleler görnüşi boýunça gadymy orta asyr şäherçesidi” diýip, Jing zeýrenýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýedi mähelläniň taryhy merkeziň içindäki ikisi tutuşlygyna weýran edilipdir.

Ol indi UNESKO ösüş proýekti togtadylar, gepleşikler galan mähelleleri halas eder diýip umyt edýär diýýär.

2016-njy ýylyň mart we dekabr aýlarynda UNESKO-nyň Şahrisabza baryp gören gözegçiler toparyna Jing ýolbaşçylyk edipdir.

Gözegçiler häzir dekabrda bolan saparyň esasynda bir raport taýýarlaýar. Raport 19-njy maýda UNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň komitetiniň garamagyna berler.

Berlen maslahatlar hem komitetiň iýulda Krakowda geçjek ýyllyk duşuşygynda geçirilen ses berişlige güýçli täsir eder.

Ýöne komitetiň agzalarynyň arasynda Şahrisabzyň Bütindünýä medeni mirasy statusynyň ýatyrylmagynyň onuň galan medeni hazynalarynyň dargadylmagyna getirmegi mümkin diýen pikirler-de bar.

Jing: “Bu bir Bütindünýä medeni mirasy. Bütindünýä medeni mirasynyň konwnsiýasynyň çäginde bu barada aýratyn talaplar goýulýar. Mirasyň belli uniwersal gymmatlygyny goramak babatda aýdanyňda bolsa, gowuşýan maglumatlary barlamak we ýeten zyýanlaryň çägini kesgitlemek üçin, biz jogapkär häkimiýetler bilen arabaglanyşykda” diýýär.

Bütindünýä medeni miras komitetiniň garajak ýene bir meselesi UNESKO-nyň gyssagly maslahatlaryny amala aşyrmakda hökümetiň nädereje öňegidişlik edendigi.

Garaňky geljek

Özbegistanyň Medeniýet we sport ministrliginiň taryhy ýadygärlik boýunça bir bilermeniniň pikiriçe Şahrisabzyň Bütindünýä medeni miras statusynyň geljegi aýdyň görnenok

Ministrligiň işgäriniň ady agzalmazlyk şerti bilen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Jingiň gözegçileri gelip gideninden soňra özbek hökümetine UNESKO tarapdan “iki zarba” degipdir.

Ol UNESKO-nyň ekspertleriniň hökümetiň ösüş proýektleriniň 2014-nji ýyl bilen 2016-njy ýyllaryň aralygynda ýetiren “üýtgedip bolmajak täsirlerini” görenlerinde aňk-taňk bolandyklaryny aýdýar.

Hökümetiň ösüş proýektleri diňe Şahrisabzyň orta asyrlara degişli oturymly mähellelerine däl, eýsem başga taryhy ýerlere-de zyýan ýetiripdir.

Özbegistanyň arhitektorlar birleşiginiň agzalarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Şahrisabzyň taryhy merkezi dargapdyr, sebäbi ol mirasy gorap saklaýanlaryň däl-de, Kerimowyň hökümeti bilen ilteşikli “biznesmenleriň we potratçylaryň” eline berlipdir.

“Ýurtda [abat] zatlary dargatmak gurluşyk işlerinden harajatly. Eger mümkin bolsa, Özbegistanda taryhy ýerleriň gurluşyk we täzeleýiş işleri tutuşlygyna togtadylmaly” diýip, bir arhitektor aýdýar.

Ýöne bu iş ähtimal däl

Kerimowyň aradan çykandygy sentýabrda yglan edileninden soňra häkimiýet başyna gelen özbek prezidenti Şawkat Mirziýaýew “turizmi ösdürmek” üçin güýçli basyş etjekdigini aýtdy.

Durnukly turizm we Merkezi Aziýanyň Bütindünýä medeni mirasyna degişli Ýüpek ýoluny gorap saklamak boýunça garaşsyz ekspert Issa Torres Şahrisabzyň başyna gelen zatlar geljekde turizmi ösdürmek isleýänlere sapak bolmaly diýýär.

“Turist bir ýere baranda, bir çetde duran ýadygärligi ýa bir taryhy ymaraty görmäge baranok. Hemme taraplaýyn tejribe, transport, köçelere aýlanmak, atmosferany içinde bolup duýmak, ýerli ýaşaýjylar bilen gürleşmek, olaryň medeniýetine düşünmek, olaryň naharlaryny iýip görmek ýa ýerli önümleri satyn almak ýaly zatlary-da öz içine alýar” diýip, Torres düşündiriş berýär.

Torres şol bir wagtyň özünde-de ýerli jemagatyň möhümdigini nygtaýar.

“Planlaşdyrmagyň, ösüşiň dürli ýollary bar. Ýerli jemagatyň zerurlyklaryny bilmek juda möhüm, sebäbi olara turistlerden peýda gelmeli. Olar şol bir wagtyň özünde-de edilýän tejribäniň bir bölegi bolup durýarlar. Ol ýeri özboluşly edýän aslynda şolar. Şol sebäpden ýerli jemagatlar aýrylmaly ýa başga ýerlere göçürilmeli däl”.

XS
SM
MD
LG