Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Le Pen bilen duşuşyp, fransuz saýlawlaryna täsir etmejekdigini aýtdy


Fransiýanyň prezidentligine aşa-sagçy kandidat Marine Le Pen we Russiýanyň prezidenti Wladimri Putin. 24-nji mart, 2017 ý.
Fransiýanyň prezidentligine aşa-sagçy kandidat Marine Le Pen we Russiýanyň prezidenti Wladimri Putin. 24-nji mart, 2017 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimri Putin Fransiýanyň prezidentligine aşa-sagçy kandidat Marine Le Pen bilen Kremlde duşuşyp, oňa Moskwanyň özüniň islendik fransuz syýasatçysy bilen duşuşmak hukugyny saklap galýandygyny aýtdy.

24-nji martda geçirilen öňünden yglan edilmedik ýygnakda Putin Russiýanyň fransuz saýlawlaryna täsir etmäge synanyşmaýandygyny hem belledi.

“Biz hiç bir ýagdaýda häzirki wakalara täsir ýetirmek islemeýäris, emma biz ýurduň ähli syýasy güýçleriniň hemme wekilleri bilen duşuşmak hukugymyzy saklap galýarys” diýip, “Interfaks” habar agentligi Putine salgylanyp habar berdi.

Şeýle-de, ol “biziň partnýorlarymyz Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň hem” şeýle hukuklary bar diýdi.

Le Pen Putin bilen duşuşmazdan öň, Russiýanyň kanunçykaryjylary bilen geçiren gepleşiklerinde “iki äpet, monumental kynçylyklara, ýagny globalizme we yslamçy fundamentalizme” garşy iki ýurduň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň bolmagyna çagyrdy.

“Sanksiýalar sebäpli rus we fransuz kanunçykaryjylarynyň duşuşyp, biziň raýatlarymyzyň ýaşaýşyny we parahatçylygyny goramak üçin, örän möhüm bolan meseleleri maslahat etmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy düýbünden akyla sygmajak zat” diýip, Le Pen Russiýanyň Döwlet Durmasynyň daşary işler komitetine aýtdy.

Şeýle-de, ol Russiýanyň Ukraina goşulyşmagy sebäpli Günbatar hökümetleri tarapyndan Moskwa garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyna çagyryş etdi.

2014-nji ýylyň mart aýynda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp almagy we onuň separatistlere goldaw bermegi sebäpli, Ýewropa Bileleşigi, Birleşen Ştatlar we käbir beýleki ýurtlar Moskwa garşy sanksiýalary girizipdi. Gündogar Ukrainada separatistleriň hökümet güýçlerine garşy urşunda 9 müň 900-den gowrak adam öldi.

Fransiýanyň Milli Front partiýasynyň lideri Le Pen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen has gowy gatnaşyklaryň bolmagyna yzygiderli çagyryş etdi we özüniň Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegini bikanun hasaplamaýandygyny aýtdy.

Onuň bir günlük sapary Fransiýada 23-nji aprelde geçiriljek prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryndan bir aý öňe gabat geldi. Bu şu ýyl Ýewropa Bileleşigindäki ýurtlarda amala aşyryljak möhüm ses berlişikleriň biri bolup, oňa Russiýanyň Günbatara täsir etmek ähtimallygyny synagdan geçirmek hökmünde garalýar. Resmileriň we analitikleriň köpüsi Putiniň Ýewropa Bileleşiginde we Birleşen Ştatlarda agzalalyk döretmäge we edaralary gowşatmaga synanyşýandygyna ynanýarlar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary hasabat ýaýradyp, Putiniň ABŞ-nyň geçen ýyldaky prezident saýlawyna goşulyşmak üçin “täsir etmek kampaniýasy” barada tabşyryk berendigini öňe sürensoň, Kremliň Fransiýadaky, Germaniýadaky we beýleki ýurtlardaky saýlawlara täsir etmäge synanyşjakdygy barada aladalanmalar bar.

XS
SM
MD
LG