Sepleriň elýeterliligi

Putin Fransiýanyň aşa-sagçy prezidentlik kandidaty Marine Le Pen bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Fransiýanyň “Milli Fronty” (FN) partiýasynyň lideri Marine Le Pen

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Fransiýanyň aşa-sagçy prezidentlik kandidaty Marine Le Pen bilen duşuşyp, Kremliň islän syýasatçysy bilen duşuşmak hukugyny saklaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Putin öňünden yglan edilmezden 24-nji martda geçirilen bu duşuşykda Orsýetiň Fransiýada ýetip gelýän saýlawlara täsir ýetirmek üçin ýol gözlemeýändigini aýtdy. “Biziň Ýewropadaky we ABŞ-daky partnýorlarymyzda hem şeýle hukuk bar” diýip Putin aýtdy.

Mundan bir gün ozal orsýetli kanun çykaryjylar bilen geçiren duşuşygynda Le Pen iki ýurduň arasynda has ýakyn gatnaşyga we Günbataryň Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri sebäpli girizen sanksiýalarynyň aradan aýrylmagyna çagyryş etdi.

Fransiýanyň “Milli Fronty” (FN) partiýasynyň lideri Le Pen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen has ýakyn gatnaşyga çagyryş edipdi we Moskwanyň Krymy anneksiýa etmegi bikanun diýip hasap etmeýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG