Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident hökümetden nägile, her welaýatda iki zawodyň gurulmagyny isleýär


Prezident Berdimuhamedow «häziriň özünde täze iş orunlaryny döretmek zerur» diýdi. 
Prezident Berdimuhamedow «häziriň özünde täze iş orunlaryny döretmek zerur» diýdi. 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň hökümet agzalarynyň birnäçesiniň berlen tabşyryklary ýerine ýetirişinden düýpli nägilelik bildirdi.

Türkmen metbugaty ýolbaşçylaryň «öz işleri üçin jogapkärçilik çekjekdigini» habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow wise-premýerler Ý.Kakaýewe, B.Hojamämmedowa ýüzlenip, nebit-gaz pudagyndaky işleri seljermegi we netijeliligi ýokarlandyrmak üçin anyk teklipleri bermegi talap etdi.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, bu toplumyň «alyp barýan işlerinde hiç hili öňegidişlik duýulmaýar». Hususan-da ol Daşoguz welaýatynda göz öňünde tutulan taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanmaýandygyndan nägile boldy.

Emma döwlet mediasynda hökümetiň iş ýerlerini döretmek, önümçiligi artdyrmak bilen bagly taslamalarynyň anyk nähili sebäpler esasyndagijikdirilýändigi hakynda maglumat berilmedi.

Şol bir wagtda prezident pudagyň ýolbaşçylarynyň öz işleri üçin «jogapkärçilik çekmelidigini», birinji çärýegiň netijeleri boýunça «degişli netijeleriň çykaryljakdygyny» duýdurdy.

Şeýle-de prezident ýerli howa we demirýol gatnawlarynyň ösdürilmezliginden nägileligini bildirdi.

Döwlet baştutany Lebap, Balkan welaýatlaryna barmak üçin ýarym günüňi ýitirmeli bolýandygyny belläp, bu ýerlerde täze howa menzilleri gurulýança ýolagçylar we ýükler üçin dikuçar gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi.

Şeýle-de prezident ýurdy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça edilýän işleriň depgininiň pesdigini boýun aldy.

Ol wise-premýerler B.Ereşowa hem-de B.Hojamämmedowa ýüzlenip, «häzir her welaýatda bolmanda iki sany iri zawody ýa-da fabrigi gurmalydygyny» aýtdy.

Emma ol bu işiň nähili ýagdaýda durmuşa geçirijekdigini anyklaşdyrmady.

Her ýylda täze zawod-fabrikleriň gurluşygyna başlamaly. Sebäbi ýurdumyzyň ilaty artyp barýar. Ýaşlar ýetişip gelýär. Şol sebäpli hem, bize häziriň özünde täze iş orunlaryny döretmek zerur bolup durýar.
G.Berdimuhamedow

Soňky on ýylda Türkmenistandan daşary ýurtlara iş gözläp gidýän raýatlaryň, hususan-da aýallaryň yzygiderli köpelýändigi aýdylýar, emma häkimiýetler bu baradaky anyk sanlary çap etmeýärler.

Munuň üstesine, ýurduň ilat ýazuwynyň netijeleri hem aýdylmaýar. Emma prezident mejlisde ýurduň ilat sanynyň artýandygyny tassyklap, işsizleriň sanynyň her ýyl näçe köpelýändigini anyklaşdyrmazdan, «häziriň özünde täze iş orunlaryny döretmek zerurlygyny» boýun aldy.

Türkmen prezidenti oba hojalygyndaky ýagdaýdan hem nägileligini gaýtalady. Ol hökümet başlygynyň orunbasary Bazarowa «daýhan birleşikleriniň ýagdaýynyň ýaramazdygyny» ýatladyp, bu ýagdaýy gowulandyrmak boýunça edilen anyk işler barada ondan her maslahatda hasabat sorajakdygyny duýdurdy.

Mundan öňki resmi habarlarda hem tassyklanmagyna görä, Türkmenistanda soňky ýyllar daşary ýurtlardan getirilen oba hojalyk önümleri köpeldi.

Ýerli synçylar bu ýagdaýy daýhanlara erk-ygtyýaryň berilmezligi, ekiljek ekiniň we onuň satyn alyş nyrhlarynyň döwlet tarapyndan kesgitlenmegi bilen düşündirýärler.

Ministrler kabinetiniň anna güni geçen mejlisinede gol çekilen täze karar bu ýagdaýyň mundan beýläk hem saklanyp galjakdygyny aňladýar.

Bu karar esasynda prezident «Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 81 müň 600 tonna şaly hasylyny öndürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi» diýip, TDH habar berýär.

Emma bu «anyk görkezmelerde» önüm öndürijileriň nähili höweslendiriljegi, prezidentiň tankytlaýan daýhan birleşiklerindäki «ýaramaz ýagdaýyň» nähili gowulandyryljakdygy anyklaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG