Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ generaly Orsýetiň Liwiýada täsirini artdyrmaga synanýandygyny aýdýar


Liwiýa, dynç alyşdaky goşun generaly Khalifa Haftar
Liwiýa, dynç alyşdaky goşun generaly Khalifa Haftar

Birleşen Ştatlaryň Ýaragly güýçleriniň Afrika komandasynyň baştutany Orsýet özüniň Liwiýadaky täsirini giňeltmäge synanýar diýýär.

ABŞ bu ýagdaýa «uly alada» bilen syn edýär.

General Thomas Waldhauser 24-nji martda Orsýet Müsür bilen Liwiýanyň arasyndaky serhet çägine gelip, harby serişdeleri, ýarag söwdasyny we nebiti özüniň bu ýurtdaky täsirini giňeltmek üçin ulanýar diýdi.

"Olar bolýan zatlara täsir ýetirmäge synanýarlar, biz olaryň edýän zatlaryny uly alada bilen synlaýarys" diýip, Waldhauser metbugat ýygnagynda aýtdy.

AFP we «Roýters» şu aýyň başynda Orsýetiň günbatar Müsürdäki bazasynda, Liwiýa bilen serhetden 100 km çemesi uzaklykda esger ýerleşdirendigini habar berdi. Orsýet bu habarlary ret etdi.

Liwiýada 2011-nji ýylda diktator Muammar Kaddafi häkimiýetden çetleşdirileli we öldürileli bäridürli toparlaryň arasynda häkimiýet ugrunda göreş barýar.

Waldhauser orsýetliler bilen Liwiýanyň hökmürowan komandiri Khalifa Haftaryň arasynda «inkär edip bolmajak» baglanyşygyň bardygyny aýtdy.

ABŞ soňky iki ýylda «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň ekstremistlerine garşy söweş üçin Liwiýa ýörite güýçleri we harby geňeşçileri iberdi.

XS
SM
MD
LG