Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan: Harby bölüme edilen hüjümde 6 esger, 6 hüjümçi öldi


Ramzan Kadyrow hüjümiň harby bölümdäki ýaraglary almak üçin guralandygyny aýdýar.

Çeçenistandaky harby bölüme edilen hüjüm mahalynda Orsýetiň milli gwardiýasynyň alty esgeri we alty sany hüjümçi öldürildi.

Bu şu aý sebitdäki iň ganly hüjüm boldy. Milli gwardiýanyň komandiri Wiktor Zolotow jeňçiler toparynyň agyr dumana duwlanyp, 24-nji martda ir sagat 2:30-da harby bölüme girmäge synanyşandyklaryny aýtdy.

Ol söweşde alty sany harby gullukçynyň wepat bolandygyny, üçüsiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrow bu hüjümiň maksadynyň harby bölümdäki ýaraglary ele geçirmekden ybarat bolandygyny öňe sürdi.

Kadyrow öldürilen hüjümçileriň üçüsiniň çeçenistanlydygyny, galanlarynyň Rostow we Wolgorad sebitlerine degişlidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG