Sepleriň elýeterliligi

Owgan howpsuzlyk güýçleri Logarda 7 jeňçini öldürdiler


Logardaky operasiýalarda 20 jeňçi öldürildi.

Owgan howpsuzlyk güýçleri Logar welaýatynda, «talyban» pitneçileriniň güýçli ýerinde geçirilen soňky operasiýada ýedi jeňçini öldürdiler diýip, ýerli polisiýanyň başlygy aýtdy.

Esmatullah Alizaý hökümet güýçleriniň 24-nji martda, Logaryň durnuksyz Çarh etrabynda geçirilen operasiýa mahalynda jeňçileriň ýaraglaryny hem ele salandygyny aýtdy.

Alizaý paýtagt Kabulyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Logarda üç hepde ozal başlanan operasiýada 20-den gowrak jeňçiniň öldürilendigini, 10 jeňçiniň ýaralanandygyny, 4 sanysynyň bolsa ele salnandygyny aýtdy.

Demirgazykdaky Sare-Pol welaýatynda bolsa, howpsuzlyk güýçleri bomba partlatmak planynyň üstüni açdylar, 24-nji martdaky anna namazyndan öň Guzar şahan metjidinde bomba goýmakda güman edilen adam saklandy.

XS
SM
MD
LG