Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenkonyň hökümetine garşy protestlerde ýüzlerçe adam tussag edildi


Belarus: Hökümete garşy protestlerde ýüzlerçe adam tussag edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:08 0:00

Belarus: Hökümete garşy protestlerde ýüzlerçe adam tussag edildi

Belarus polisiýasy paýtagt Minskde tanymal adam hukuklary toparynyň edaralaryna reýd geçirip, bütin ýurt boýunça höküme garşy ýygnanyşyk geçirilýän mahalynda ýüzlerçe adamy tussag etdi.

Soňky hepdelerde Belarusda geçirilýän protestleri we tussag etmeleri yzarlaýan «Wesna» jemygetçilik guramasy 25-nji martda öz websatýnda poliisýa ofiserleriniň öz edaralaryny petikläp, onuň içini dökýändiklerini habar berdi.

"Ol ýerde 57 adam tussag edildi, şol sanda daşary ýurt gözegçileri" diýip, gurama ol adamlaryň polisiýa stansiýasyna alnyp gidelinedigini aýtdy.

Oppozisiýa aktiwisti Ýuliýa Stepanowa biraz soň öz Facebook hasabynda polisiýanyň adam hukuklary toparynyň ofisinde tussag eden adamlarynyň käbirini azat edendigini aýtdy.

Pitnä garşy polisiýa Minskde, Azatlyk güni protestine gelen adamlaryň onlarçasyny tussag etdi.

Protestçiler merkeze, Minskiniň merkezi meýdançasyna, protestiň geçiriljek ýerine barýanýollary baglan polisiýa ofiserlerine «Utanyň!” we“Faşistler” diýip gygyrdylar.

Belarus oppozisiýa lideri we ozalky prezidentlige kandidat Wladimir Neklýaýew hökümete garşy planlaşdyrylan ýygnanyşygyň öňünden, 25-nji martda tussag edildi.

AFP habar gullugy Neklýaýewiň aýaly Olga Neklaýaýewa salgylanyp, oppozisiýa lideriniň günbatar Brestde tussag edilendigini we häzir şol ýerdäki tussaghanada saklanylýandygyny habar berdi.

Neklaýaýew Warşawada polýak hökümetiniň resmileri bilen gepleşip, Minskä gelýän wagty serhetde saklandy we otludan düşürildi diýip, onuň aýaly aýtdy.

Neklýaýew soňky döwürler Belarusyň «parazitizm», ýagny mugthorçylyk kanunyna we awtoritar prezident Aleksandr Lukaşeknka garşy protest çärelerine gatnaşyp, 25-nji martda Sosial demokratlaryň lideri Mikalaý Statkewiç bilen «Azatlyk güni» protestinii geçirmegi planlaşdyrypdy.

Ol 24-nji martda öňki protestlere gatnaşandygy üçin sud seljerişligine gelmelidi, emma aýyplanýan gelmänsoň, seljerişlik gijikdirildi.

25-nji martda ýurduň uly şäherlerinde, şol sanda Brest, Homel, Hrodna, Minsk we Witebsk şäherlerinde ýüzlerçe adam, «Uzak ýaşa Belarus» diýen şygara gygyryp, milli baýdagy göterip, proteste toplandy.

Minsk şäheriniň pitnä garşy polisiýasy paýtagtyň esasy meýdançasyna – protestçileriň goldawçylarynyň toplanjak ýerine barýan ýollary baglady.,

Minsk häkimiýetleri 24-nji martda proetsi gurnaýjylara merkezi meýdançada protest guranmagyň bikanun boljakdygyny aýtdylar.

Guramaçylara öz protestlerini şäheriň eteginde geçirmek maslahat berildi.

Ozalky prezidentlige kandidat Statkewiç özüniň şindem "Azatlyk güni" protestine gatnaşmagy planlaşdyrýandygyny aýdypdy, emma häzir onuň nirededigi belli däl.

«Azatlyk güni» atly ýyllyk ýygnanyşyk 1918-nji ýylda döredilen we bir ýyldan hem az ýaşan Belarus halk respublikasynyň ýyl dönüminde geçirilýär.

Soňky hepdelerde müňlerçe adam köçelerde mugthorçylyk kanunyna garşy proteste çykdy. Bu protestler soňky ýyllarda öňki sowet respublikasynda hökümete garşy guralan iň ýörişler boldy.

Täze, mugthorçylyga garşy kanun prezident A.Lukaşenko tarapyndan 2018-nji ýyla çenli togtadylan hem bolsa, protestler dowam etdi.

Häkimiýetler bu kanunda işsiz adamlary «sosial parazitler» diýip atlandyrýarlar.

Belarusyň «Wesna» adam hukuklary topary bu kanuna garşy proteste çykan aktiwistleriniň 130 çemesiniň, 25-nji martdaky proteste gatnaşyp bilmezlikleri üçin, 15 günlük tussag edilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG