Sepleriň elýeterliligi

Türbet-Jamdaky türkmenleriň durmuşy


Eýran türkmenleri Magtymguly günlerini belleýär. 15-nji maý, 2015.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşigini Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet-Jam diýen ýerinde 700-800 öýli bolup ýaşaýan etniki türkmenleriň durmuşyna bagyşlaýar.

Gepleşigiň myhmanlary hormatly dynç alyşdaky mugallym Nury Salyr bilen ýaşuly Alymuhammet Ýusup dagy Türbet-Jamdaky türkmenleriň durmuşy, güzeran ýagdaýlary, türkmençiligi saklaýyşlary we dünýä türkmenleri bilen gatnaşyklary barasynda Azatlyk Radiosyna ol ýeriň bagşylarynyň aýdym-sazlary bilen maglumat berýärler.

Gepleşigi diňläp, aşakdaky foruma teswir ýazyp, sizem öz türkmenleriň hakda Azatlyk Radiosynyň üsti bilen maglumat beriň.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG