Sepleriň elýeterliligi

Belarus oppozisiýasy basyp ýatyryşa garşy täze proteste çagyrýar


Belarus, Minsk, 25-nji mart - Azatlyk güni.

Belarusdaky oppozisiýa guramaçylary 26-njy martda Minskde bir gün öňki protestleriň zorluk bilen basylyp ýatyrylmagyna garşy demonstrasiýa geçirmäge çagyrdylar.

25-nji martda proteste çykanlaryň ýüzlerçesi tussag edildi, köpüsi urlup-enjildi.

Guramaçylar sosial ulgamlary peýdalanyp, ýerli wagt bilen günortan Minsk şäheriniň Oktýabr skwerinde protest geçirmäge çagyrdylar.

Belarusyň «Wesna» adam hukuklary toparynyň aktiwisti Tatýana RewýakoMinsk şäheriniň köçelerinde, hasaplamalara görä, 25-nji martda prezident Aleksandr Lukaşenkoynyň hökümetine garşy geçirilen protestlerde 700 adam tussag edildi diýdi.

Rewýako tussag edilenleriň köpüsiniň urlandygyny we medisina kömegine mätäçdigini aýtdy. Belarusyň Žurnalistler birleşigi ygtyýar berilmedik demonstrasiýa baradamaglumat taýýarlaýan 20 žurnalistiň hem tussag edilendigini aýtdy.

Tutulanlaryň köpüsi 26-njy mart güni irden boşadyldy, şol bir wagtda entek näçesiniň tussagda saklanylýandygy aýdyň däl diýip, «Wesna» aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi belarus häkimiýetleriniň protestçilere garşy gören çärelerini ýazgardy we «golaýda tussag edilen asuda raýatlary» derhal azatlyga çykarmagy talap etdi.

ABŞ-nyň Belarusdaky ilçihanasy 26-njy martda häkimiýetleri demonstrasiýada tutulanlaryň ählisini boşatmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG