Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Mosula urlan howa zarbasynyň koalisiýa uçarlaryna degişlidigini tassyk etdi


Mosul, 23-nji mart, 2017

ABŞ resmileri 17-nji martda Mosula urlan howa zarbasynyň arkasynda koalisiýa güýçleriniň durandygyny tassyk etdi, ýaşaýjylar bu zarbada 200-den gowrak asuda adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň 25-nji martdaky beýanatynda bu howa zarbasynyň Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň talaby esasynda, «Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini we enjamlaryny nyşana almak üçin urlandygy aýdylýar.

Ýöne beýanatda ölenleriň sany we howa zarbasynyň anyk haýsy ýurduň uçarlary tarapyndan urlandygy aýdylmaýar.

Bu beýanat Yrak goşunlarynyň 25-nji martda, belki-de şu waka sebäpli, asuda ilatdan pidanyň kändigi üçin, günbatar Mosuly yzyna almak kampaniýasyna arakesme bereninden soň edildi.

Şol gije Mosulyň al-Jadida etrabynda anyk nämeleri bolandygy aýdyň bolman galýar. Ýaşaýjylar koalisiýanyň howa zarbasynyň partlaýjydan doldurylan ýük maşynyna ot düşürip, partlaýjylary ýarandygyny we partlamanyň maşgalalardan doly jaýlary ýumrandygyny aýdýarlar.

ABŞ harbylary bu howa zarbasy we aýdylýan pidalar boýunça derňewiň başlanandygyny aýtdylar.

Mosulyň halas edişlerine gözegçilik edýän resmi Abdul Sattar al-Habbo binalaryň harabasyndan 240 jesediň çykarylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG