Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Owganystandaky zarbada terrorçy lideriň öldürilendigini aýdýar


Paktia welaýatynyň kartasy

ABŞ-nyň harbylary 19-njy martda Owganystanda urlan howa zarbasynyň Kari Ýasini öldürendigini tassyklady.

Ýasin «Al-Kaýdanyň» bir lideri hökmünde häsiýetlendirilýär we onlarça adamy, şol sanda iki sany amerikan harbysyny öldüren hüjümlere jogapkär hasaplanylýar.

Pentagon 25-nji martda Pakistanyň Bulujystan welaýatyndan bolan«uly derejeli terrorçy şahs Ýasine» garşy zarbanyň Owganystanyň Paktia welaýatynda urlandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda bu ýere ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda köp howa zarbasy urlupdy.

Pakistan bilen serhetde ýerleşýän Paktia durnuksyz sebit bolup, bu ýerde «Talyban» jeňçileri güýçli diýip bilinýär.

Ýasin Pakistanyň «Talyban» hereketi bilen gatnaşykda boldy we köp terror hüjümini planlaşdyrdy diýip, Pentagon aýtdy.

XS
SM
MD
LG