Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz polisiýasy protestde 68 adamy tussag etdi


Sadyr Žaparowyň tarapdarlary

Gyrgyz polisiýasy ozalky parlament deputatynyň tussag edilmegine garşylyk bildirýän adamlary dargytmak üçin ses granatlaryny ulandy.

Öňki deputat prezidentlige dalaşgär bolmagy planlaşdyrýardy. 25-nji martdaky gapma-garşylykda, noýabra bellenen prezident saýlawlary bilen bagly syýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi netijesinde, onlarça adam tussag edildi.

Sadyr Žaparowyň 25-nji martda, üç ýyllyk meýletin sürgünçilikden dolanyp gelende Bişkekde tussag edilmegi sebäpli, howpsuzlyk edarasynyň daş işiginde 500 çemesi protestçi toplandy.

Žaparow 2013-nji ýylda hökümet resmisini zamun almakda aýyplanýar.

«Roýtersiň» suratçysy protestçileriň käbiriniň polisiýa bilen ýakalaşyp, protest sagatlarynda häkimiýetlere garşy çüýşe zyňyp başlandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň IIM-i 68 adamy tussag edendigini aýtdy.

Žaparow gyrgyz hökümetiniň uly derejeli resmisidi, öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň geňeşçisidi.

Bakiýew 2010-njy ýylda häkimiýetden çetleşdirilenden soň, Žaparow parlament agzasy boldy. Emma ol 2013-nji ýylda protest mahalynda prezident köşgüne zor bilen girmäge synanyşyp, 18 aý tussaglyga höküm edildi.

XS
SM
MD
LG