Sepleriň elýeterliligi

Ýer sagadynda meşhur binalaryň çyralary öçürildi


Eýran, Töwriz, Sagat skweri Ýer sagadynda

Dünýä ýüzündäki meşhur binalaryň onlarçasy 25-nji martda, klimat özgermesine ünsi çekmek tagallasynyň çäginde, Ýer sagadynda tümlüge gaplandy.

Moskwada Kreml, Nýu-Ýorkda Empeýr Steýt binasy we BMG-nyň jaýy, Parižde Eýfel diňi, Afinada Akropolis, dünýäniň azyndan 170 ýurdunda 60 minutlap çyralaryň öçürilmegi bilen, tümlüge gaplandy.

Bu çäre Sidniden, şäheriň meşhur Opera öýüniň çyralarynyň öçürilmegi bilen başlandy.

Ol Tebigatyň Bütindünýä ýabany fondy tarapyndan gurnaldy.

XS
SM
MD
LG