Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň oppozisiýa lideri Statkewiç tussaghanadan boşadyldy


Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Statkewiç KGB-niň türmesinden boşadyldy, Minsk, 27-nji mart, 2017
Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Statkewiç KGB-niň türmesinden boşadyldy, Minsk, 27-nji mart, 2017

Belarusyň oppozisiýa lideri Mikalaý Statkewiç üç günläp ýitirim bolansoň öýüne bardy.

Onuň aýaly Maryna Adamowiç öz adamsynyň üç günläp howpsuzlyk gullugy KGB-niň tussaghanasynda bolandygyny 27-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Prezident wezipesine öňki dalaşgär Statkewiç 2010-njy ýylda Minskde bolan protestlerden soň tas bäş ýyllyk türme tussaglygyny başgan geçiripdi. Statkewiç 25-nji martda Minskde Azatlyk güni mynasybetli geçirilen we zor bilen dargadylan ýörişiň öňýany ýitirim edilipdi.

Statkewiç we öňki prezidentlik dalaşgäri we oppozisiýa lideri Uladzimer Nyaklyaeu Minskdäki ýörişe ýolbaşçylyk etjekdiklerini aýdypdy.

Nyaklyaeu Polşadan Minske barýarka 24-nji martda Brest şäherinde polisiýa tarapyndan tussag edilipdi, soň keselhana düşüp ýörişe gatnaşyp bilmändi.

25-nji martda Minskde 1918-nji ýylda esaslandyrylyp, bir ýyldan azrak döwrüň dowamynda hereket eden Belarus halk respublikasynyň düýbüniň tutulmagynyň ýyl dönümini bellemek maksatly geçirilen ýörişde onlarça adam tussag edildi.

Şu ýyl demonstrantlar bu senäni dawaly salgyt kanunyna protest bildirmek üçin hem ulandylar.

XS
SM
MD
LG