Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti Rohani Moskwa iki günlük saparyna başlaýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), Ufa, 9-njy iýul, 2015

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 27-nji martda Moskwa iki günlük saparyna başlaýar. Rohani saparynyň dowamynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar.

Bu saparyň Rohaniniň prezident wezipesinde soňky daşary ýurt sapary bolmagyna garaşylýar. 19-njy maýda Eýranda prezidentlik saýlawlary geçiriler.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA täzelikler agentligi Rohaniniň we Putiniň mundan öň sekiz gezek gepleşik geçirendigini, ozalky duşuşyklaryň Tähranda, Orsýetiň Ufa şäherinde we üçünji ýurtlardaky çärelerde bolandygyny habar berdi.

Orsýetiň hökümetiniň resmi maglumatynda taraplaryň arasyndaky häzirki gepleşiklerde söwda, ykdysadyýet we energiýa meseleleriniň maslahat ediljekdigi aýdyldy.

Şeýle-de gün tertibinde halkara geosyýasy meseleleriň we Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän urşuň hem Ýakyn Gündogardaky beýleki konfliktleriň ara alnyp maslahat edilmegine garaşylýar.

Orsýet we Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümet güýçlerini goldaýarlar. Hökümet güýçleri ABŞ we Türkiýe tarapyndan goldanýan gozgalaňçylara garşy göreşýärler.

XS
SM
MD
LG