Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we ÝHHG bilelikdäki proýektleri maslahat etdiler


ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd

Aşgabatda türkmen hökümetiniň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) arasynda bilelikde amala aşyrylýan proýektler boýunça pikir alyşylandygy resmi maglumatlarda habar beril, emma meseleler anyklaşdyrylmady.

Türkmenistana iş sapary bilen baran ÝHHG-niň Parlament bileleşiginiň resmi toparynyň agzalarynyň, şol sanda Daniýanyň premýer-ministri Peter Juel Jenseniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda taraplar arasynda aktiw hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellendi we geljekde gatnaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmaga isleg bildirildi, diýlip habar berilýär.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň iýul aýynda ÝHHG-niň agzasy bolup, şol sanda adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça halkara borçnamalarynyň ençemesini öz üstüne aldy. 57 ýurdy öz içine alýan ÝHHG, Türkmenistanda adam hukuklarynyň we raýat azatlyklarynyň berjaý edilişine, şol sanda milli saýlawlarynyň geçirilişine syn edýär.

Türkmenistanyň 12 fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna ÝHHG saýlawlara baha beriji missiýasyny ýollapdy, emma onuň çykaran resmi netijeleri entek mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG