Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Oppozisiýanyň ýene bir lideri korrupsiýada aýyplandy


Almambet Şykmamatow protest aksiýasynda, Bişkegiň Ala Too meýdançasy, 27-nji fewral, 2017.
Almambet Şykmamatow protest aksiýasynda, Bişkegiň Ala Too meýdançasy, 27-nji fewral, 2017.

Gyrgyzystanyň oppozision “Ata-Meken” partiýasynyň ýene bir lideri korrupsiýada aýyplandy.

Milli howpsuzlyk komitetiniň 27-nji martda aýtmagyna görä, kanun çykaryjy Almambet Şykmamatow 2011-nji ýylda Döwlet hasap edarasynda barlagçy bolup işlän döwründe ogurlyga baş goşmakda güman edilýär.

Milli howpsuzlyk komiteti Şykmamatowyň korrupsiýa bilen baglylykda aýyplanýandygyny we onuň ýurduň daşyna çykmagynyň gadagan edilendigini habar berdi.

“Ata-Meken” partiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Şyhmamatow Gyrgyzystanda yzarlamalara sezewar edilen partiýanyň bäş lideriniň biridir. Olar özlerine garşy gozgalan işleriň galpdygyny aýdýarlar.

Prezident Almazbek Atambaýewi açyk tankyt edýän “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew fewral aýynyň aýagyndan bäri Milli howpsuzlyk komitetiniň tussaghanasynda saklanýar, oňa para almak we ogurlyk bilen bagly aýyplamalar ýöňkelýär.

Atambaýewiň syýasy garşydaşlary ony häkimiýet başynda saklanmak üçin milli kanuny üýtgetmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG