Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollaryndan” nägile


“Türkmenhowaýollary” halkara derejesinde tölegleri wagtynda etmeýändigi sebäpli ençeme dawaly ýagdaýlara-da sebäp bolupdy.
“Türkmenhowaýollary” halkara derejesinde tölegleri wagtynda etmeýändigi sebäpli ençeme dawaly ýagdaýlara-da sebäp bolupdy.

Prezident G. Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işine nägilelik bildirdi.

Geçen anna güni bolan Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen lideri mundan ozalam ýerli howa ýollarynyň ösdürilmegi boýunça degişli tabşyryklary berendigini ýatladyp, bu ugurdaky işleriň “haýal alnyp barylýandygyndan” kanagatsyzlandy.

Berdimuhamedow hususan-da Lebap, Balkan welaýatlaryna barmak üçin “ýarym günüňi ýitirmeli bolýandygyny” belläp, bu ýerlerde täze howa menzilleri gurulýança ýolagçylar we ýükler üçin dikuçar gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi.

Prezidentiň uçar gatnawyna bildiren nägileligi bilen birlikde, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar “Türkmenhowaýollarynyň” bilet ýetmezçiligi we hyzmatlary dogrusynda hem öz närazylygyny bildirýärler.

Galyberse-de, 1992-nji ýylda esaslandyrylan “Türkmenhowaýollary” dürli halkara guramalaryň hasabatlarynda hem iň ýaramaz howa ýollarynyň hatarynda agzalypdy.

2015-nji ýylda Skytrax neşri iň erbet diýen bahany alan awiakompaniýalaryň 23-siniň sanawyny çap edip, “Türkmenhowaýollaryny” dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hataryna girizipdi.

Şeýle-de, geçen ýyl dünýäniň onlarça şäherine halkara uçuşlaryny amala aşyrýan “Türkmenhowaýollary” öz ýolagçylaryny iň köp garaşdyrýan şirket diýlip yglan edilipdi. “BBC news” agentliginiň Britaniýanyň graždan awiasiýa resmileriniň 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan, 2016-njy ýylyň mart aýyna çenli döwürüne degişli maglumatyny öwrenip, çap eden sanlaryna görä, “Türkmenhowaýollary” uçuşlaryny san taýdan iň köp yza tesdiren şirket bolup, öz ýolagçylaryny görkezilen wagtdan ortaça hasap bilen 70 minut artyk garaşdyrypdyr.

Şol bir wagtda, “Türkmenhowaýollary” halkara derejesinde tölegleri wagtynda etmeýändigi sebäpli ençeme dawaly ýagdaýlara-da sebäp bolupdy.

Geçen ýylyň dekabrynda “Türkmenhowaýollaryna” degişli uçar Parižiň “Şarl de Goll” aeroportynda ozalky jerimelerini tölemändigi sebäpli saklandy. Aeroportdaky howanyň hapalanmagyna gözegçilik edýän ACNUSA edarasy “Türkmenhowaýollarynyň” ses normalaryny bozandygy sebäpli salnan 204 müň ýewro jerimesini töleýänçä, onuň “Boeing-737” kysymly uçaryny saklamak baradaky netijäni çykardy.

Şeýle-de, geçen ýyl Orsýetiň Federal howa transport gullugy türkmen tarapynyň howa hereketiniň ugrukdyryş hyzmatlary üçin tölenmeli 220 müň dollar bergisini bermeýändigini aýdyp, “Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň uçar gatnawlaryny togtatjakdygy bilen haýbat atypdy.

Ýokarky iki ýagdaý boýunça türkmen häkimiýetleriniň degişli tölegleri we jerimeleri töländigi dogrusynda maglumat gowuşsa-da, ýerli media döwletiň eýeçiligindäki awiakompaniýa bilen baglylykda ýüze çykýan dawalar barasynda dymmak bilen çäklendi.

Ýeri gelende bellesek, “Türkmenhowaýollary” milli gullugynyň eýeçiliginde 20 uçar bolup, olar dünýäniň 15 çemesi ýurduna gatnaýarlar.

XS
SM
MD
LG