Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň oppozisiýa lideri Nawalnyý protestler üçin 20 müň rubl jerimä höküm edildi


Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý, Moskwa, 27-nji mart, 2017.
Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý, Moskwa, 27-nji mart, 2017.

Orsýetiň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý korrupsiýa garşy protest bildirip, ýurduň onlarça şäherinde geçirilen çykyşlarda tussag edilen ýüzlerçe protestçi bilen bilelikde tussag edilmeginiň ertesi suda çekildi.

27-nji fewralda geçirilen sudda Nawalna 26-njy martda bikanun protest geçirmekde günä bildirildi we oňa 20 müň rubl möçberinde jerime salyndy.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Orsýetde ýüzlerçe protestçiniň tussag edilmegini ýazgardylar we olary tizden-tiz boşatmagy talap etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Waşingtonyň Nawalnynyň tussaglygy bilen baglylykda “aladalanýandygyny” mälim etdi.

“Biz Orsýetiň hökümetini ähli parahatçylykly protestçileri dessine boşatmaga çagyrýarys”, diýip Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner aýtdy.

Orsýetiň onlarça şäherinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen ýörişler ýurtda soňky ýyllarda geçirilen iň uly demonstrasiýa boldy.

XS
SM
MD
LG