Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa oýunlary sebäpli mekdepler 'iýul aýynda açylar'


Mekdep okuwçylary we mugalym.
Mekdep okuwçylary we mugalym.

Şu ýyl Aşgabadyň mekdeplerinde 2017-2018-nji okuw ýyly 1-nji iýuldan başlanar diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmisi aýdýar.

Bu ministrligiň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi gol goýlan täze resminama laýyklykda, mekdeplerde häzirki okuw ýylynyň öňküsinden ir tamamlanyp, täze okuw ýylynyň bolsa, tomsuň jokrama yssysynda başlajakdygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Täze resminamada Aşgabat şäherindäki mekdeplerde häzirki okuw ýyly 1-nji iýuna çenli tamamlanmalydygy aýdylýar. Täze okuw ýyly bolsa, öňküsi ýaly 1-nji sentýabrdan däl-de, 1-nji iýuldan başlanar. Täze okuw ýylynyň birinji çärýegi hem, awgust aýynyň ahyryna çenli tamamlanar. Şondan soň okuwçylar ýene 1 aý çemesi wagt dynç alşa çykarlar we ikinji çärýek oktýabr aýynda başlanar” diýip, ministrligiň resmisi aýdýar.

Ol okuw ýylyna degişli bu üýtgetmeleriň Aziýa oýunlary mynasybetli amala aşyrylandygyny aýdyp, şol döwürde geçiriljek sport çärelerine mekdep mugallymlaryny we okuwçylaryny yzygiderli, giňden gatnaşdyrmak maksat edinilýär diýdi.

Şeýle-de, ministrligiň jogapkär resmisi bu baradaky resminamanyň diňe Aşgabat şäheriniň mekdeplerine degişlidigini aýdyp, onuň aprel aýynyň başyna çenli paýtagtyň ähli mekdeplerine ugradyljakdygyny belledi.

Howanyň gyzgynlygy...

Aýdylmagyna görä, bu ýyl mugallymlar hem adatdakysy ýaly 45 gün däl-de, 30 gün zähmet dynç alşyna çykarlar. Olaryň zähmet dynç alyşlary 1-nji iýundan, 1-nji iýula çenli dowam eder. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okuw prosesiniň nähili boljakdygy bolsa, näbelli bolmagyna galýar.

Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylynyň tomsuň jokrama yssysynda başlajakdygy ýa-da başlamajakdygy barada henize çenli türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan halk köpçüligine maglumat berilmedi.

Emma bu ýagdaý amala aşsa, onda Türkmenistanda iýul aýlarynda howanyň gyzgynlygynyň kölegede 40 gradusdan hem aşýan döwründe okuwçylaryň, hususan-da, başlangyç synp çagalaryň mekdebe gatnamagynyň näderejede saglyga we talabalaýyk boljakdygy barada anyk bir zat aýtmak kyn.

Kynçylyklar

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew häzirki wagtda paýtagtyň mekdepleriniň aglabasynda sowadyş sistemalarynyň doly ýola goýulmandygyny belläp, bu ýagdaýyň okuwçylara käbir kynçylyklary döredip biljekdigini aýdýar.

“Ylaýta-da, köne, mundan 25-50 ýyl ozal salnan mekdeplerde iň oňat bolan ýagdaýlarynda kondisionerler oturdylan. Ýöne bir kondisionerem klas otagyny talaba laýyk sowadyp bilmez diýip, adamlar çak edýärler. Sebäbi klas otaglary juda uly meýdany tutýar. Şu kynçylyk bolar. Galyberse-de, tomusda çagalaryň mekdebe gelip-gitmesi gaty kynlaşar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmenistan dünýäniň 62 ýurdundan sportsmenleriň gatnaşjakdygy aýdylýan V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklara ençeme ýyl öňünden başlady. Bu taýýarlyklaryň çäginde, paýtagtda müňlerçe ýaşaýyş jaýy ýykyldy. Mundanam başga, paýtagtda “şäheri abadanlaşdyrmak” çäresiniň dowamynda, jaýlaryň diwarlaryndaky çanak antennalar, sowadyjylar sökülip, goşmaça gurluşyklar ýumruldy.

XS
SM
MD
LG