Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Gürjüstanyň raýatlary üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirdi


ÝB-niň Gürjüstan üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boýunça karary bilen bagly Tbiliside geçirilen çäre, 28-nji mart, 2017.
ÝB-niň Gürjüstan üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boýunça karary bilen bagly Tbiliside geçirilen çäre, 28-nji mart, 2017.

Gürjüstanyň biometriki pasportlaryna eýe bolan raýatlary 28-nji martdan soň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) girýän ýurtlaryň aglabasyna wizasyz syýahat edip bilerler.

ÝB bilen ýakyn gatnaşyklaryň ugrunda uzak wagtlap tagalla edip gelýän we şol bir wagtda-da Orsýetiň öz täsirini güýçlendirmek boýunça hereketleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan Gürjüstan bu senä sabyrsyzlyk bilen garaşypdy.

Ýewropa Komissiýasy 2015-nji ýylyň dekabr aýynda gürjüstanlylar üçin wiza çäklendirmesini aradan aýyrmagy teklip edipdi, emma wiza düzgünini aňsatlaşdyrmak meselesi boýunça gepleşikler ÝB-niň agzalarynyň arasynda kynlyk bilen alnyp baryldy.

Ýewropa Parlamentiniň we Ýewropa Komissiýasynyň wiza režimini ýatyrmak baradaky gepleşikler bilen bir wagtda bileleşigiň käbir ýurtlarynyň ýeňilleşdirilen wiza düzgünini ulanmak barada gepleşikleri alyp barmaklary hem prosessi haýalladypdy.

Gürjüstan üçin aňsatlaşdyrylan wiza düzgüni ýurduň raýatlaryna ÝB-niň Britaniýadan we Irlandiýadan başga ähli ýurtlaryna wizasyz syýahat etmegine mümkinçilik berer.

XS
SM
MD
LG