Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senaty Çernogoriýanyň NATO girmek islegini makullady


Çernogoriýanyň premýer-ministri Dusko Markowiç

ABŞ-nyň Senaty Çernogoriýanyň NATO girmegi baradaky ýüzlenmesini ses köpçüligi bilen tassyklady we Balkan ýurdunyň harby bileleşige girmegine ýol açdy.

27-nji martda geçirilen ses berişlikde senatorlar 97 ses bilen uzak wagtlap dowam eden çekeleşigiň soňuna çykdylar we bu karary tassyklamak boýunça hepdäniň aýagynda ses geçirilmegini goldadylar.

Kongressiň ýokarky öýi Senatda geçirilen ses berişlikde gelnen bu karara diňe iki senator Kentukki ştatyndan Rand Paul we Uta ştatyndan Mike Lee garşy çykdylar.

ABŞ-nyň tassyklamagyndan soň Çernogoriýanyň NATO bileleşigine agza bolmagy 28 agza ýurduň diňe biriniň Ispaniýanyň tassyklamagyna bagly bolar.

NATO-nyň gündogara tarap ýaýbaňlanmagyna garşylyk bildirýän Orsýet Çernogoriýanyň bileleşige goşulmak boýunça isleglerine nägilelik bildirýär.

XS
SM
MD
LG