Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atamyrat şäherinde täze aeroportuň gurluşygy üçin tender bäsdeşligi yglan edildi


Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroporty
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň aeroporty

Türkmenistan Atamyrat şäherinde täze aeroportuň görnüşine we gurluşygyna degişli tender bäsdeşligini yglan etdi.

Media maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinde guruljak täze aeroport babatynda göz öňünde tutulýan talaba laýyklykda ol her sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolmaly.

Atamyrat şäheri 1999-njy ýyla çenli Kerki diýlip atlandyrylýardy, onuň häzirki ady Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň kakasy Atamyrat Nyýazowyň hatyrasyna dakyldy.

Käbir maglumatlara görä, 96 müň çemesi ilatly bu şäherde täze aeroporty gurmak boýunça tender bäsdeşligi mundan öň, hususan-da, 2012-nji ýylda hem yglan edilipdi.

XS
SM
MD
LG