Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: 123 ýurduň global ýadro gadagançylygy baradaky maslahatyna Orsýet, ABŞ, Hytaý gatnaşmaýar


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý, Waşington, 27-nji mart, 2017.
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý, Waşington, 27-nji mart, 2017.

100-den gowrak ýurt BMG-de ýadro ýaraglary boýunça global gadagançylygy barada diskussiýa başladylar, emma dünýäniň iň täsirli ýurtlary duşuşygy boýkot etdiler.

BMG-niň 123 agza ýurdunyň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşykda olar ýadro ýaragyny gadagan edýän ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça öz garaýyşlaryny maslahat edýärler. BMG-niň ýaragsyzlanmak meselesi boýunça baş wekili Kim Won-soo gepleşikleriň başynda sözlän sözünde “ýadro ýaragy boýunça ýaragsyzlanmak meselesinde öňegidişlik gazanmagyň şu günki gün has gyssaglydygyny” belledi.

ABŞ, Orsýet, Hytaý we ýadro ýaragyna eýe beýleki ýurtlar duşuşyga gatnaşmaýarlar. Waşington gadagançylygyň işlemejegini belledi we halkara jemgyýetçiliginiň meselä dowamly çemeleşmelidigini aýtdy.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý gadagançylygyň ýaragsyzlanýan we “parahatçylygy hem howpsuzlygy saklamaga çalyşýan” ýurtlary çäklendirjegini, emma “erbet aktýorlaryň” oňa goşulmajagyny ýa-da berjaý etmejegini aýtdy.

XS
SM
MD
LG