Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek serhedi 'aprelde açylar'


Türkmen-özbek serhedi.
Türkmen-özbek serhedi.

1-nji aprelden başlap, Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhetýaka regionlarynyň raýatlaryna türkmen-özbek serhedinden wizasyz syýahat etmäge rugsat berler diýip, “Türkmen inisiatiwasy” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 27-nji martda beren maglumatyna görä, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew 6-7-nji martda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda, iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgünini gaýtadan dikeltmäge özbek tarapynyň gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistanyň bu teklibini kabul etdi. Emma iki ýurduň serhetýaka regionlarynyň raýatlary goňşy ýurtda garaşylany ýaly 5 gije-gündiz däl-de, diňe 3 gije-gündiz galyp bilerler diýip, agzalýan neşir Özbegistanyň Horezm welaýaty bilen Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň arasyndaky “Şawat” serhet geçelgesiniň işgärine salgylanyp habar berýär.

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty Türkmenistanyň serhet resmilerine henize çenli tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Emma iki ýurduň arasyndaky serhet geçelgeleriniň türkmen tarapyndan henizem ýapyklygyna galýandygyny Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetleşýän Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylary tassykladylar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, 2013-nji ýylyň güýzüne çenli Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri döredilip, olar goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz geçip bilýärdiler.

Bu düzgüniň ýatyrylmagy netijesinde, häzirki wagt iki ýurduň serhet ýakalaryndaky adamlar, şol sanda bir wagtlar Özbegistandan göçüp gelenler goňşy ýurda geçmek üçin, 10 günlük wizany almaly bolýarlar.

Bu wizany almak üçin bolsa, birnäçe gezek Aşgabada gidip-gelmeli, 170 amerikan dollary möçberindäki tölegi tölemeli we azyndan 10 gün garaşmaly bolýar diýip, Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen zenanlaryň käbirleri Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdiler.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 25-nji ýanwarynda iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli syýahat mümkinçilikleriniň gysga wagtlaýyn gaýtadan dikeldilendigi, Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka ýaşaýjylaryna wizasyz goňşy ýurda geçmäge rugsat berilýändigi habar berlipdi.

Emma şondan gysga wagt soň, iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri gaýtadan ýatyrylsa-da, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabyndaky we Daşoguz welaýatyndaky edaralarynyň öňünde serhediň açylmagyny umyt edýän ýaşaýjylaryň uly nobatlary emele geldi.

26-njy fewralda “Türkmen inisiatiwasy” neşiri bu edaralaryň öňünde duran adamalaryň aglabasynyň daşary ýurtlara gitmek üçin, täze türkmen pasportyny almaga synanyşýan özbek diasporasynyň wekilleridigini habar beripdi.

Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetýaka etraplarynda, aýratyn-da, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda 700 müňden artyk özbekleriň, şeýle-de Özbegistanyň Horezm welaýatynda 8 müňden gowrak türkmeniň ýaşaýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG