Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulman zenanlar Londonda aksiýa geçirdi


Westminster köprüsi, London
Westminster köprüsi, London

Musulman zenanlar 26-njy martda Westminster köprüsinde birek-bireginiň elinden tutup, geçen hepde gurnalan terrorçylyk hüjümiň pidalaryna duýgydaşlyk aksiýasyny geçirdi.

CNN-niň maglumaty görä, aglaba köpçüligi gök başatgyçly bolan musulman zenanlar 5 minutlyk dymyşlyk yglan edipdirler.

Gök reňkiň parahatçylygyň nyşanasydygy bellenýär.

Ol aksiýa gaty köp zenan gatnaşypdyr.

Ýatlap geçsek, Halid Masud atly bir radikal yslamçy 22-nji martda mejlisiň jaýynda 1 polis işgärini pyçaklap, köprüde hem awtoulagyny adamlaryň üstüne sürüpdi. Wakada 4 adam pida boldy we onlarça adam hem ýaralandy.

Hüjümçi soň derrew herekete geçen howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürilýär.

Aksiýa şol hadysadan soň köprüden geçen başatgyçly bir zenanyň suratynyň sosial ulgamlarda giňişleýin ýaýradylmagyndan soň gurnalýar.

Suratda başatgyçly zenanyň ýerde ýatan raýatlara kömek etmäge synanyşýanlaryň ýanyndan, elindäki telefonyna seredip geçip gidendigi görkezilýär.

Sosial ulgamlardaki käbir adamlar ol suratyň üsti bilen başatgyçly zenanyň pidalara hormatsyzlyk edendigini öňe sürdüler.

Soň suratçy tarapyndan berlen beýannamada, terrorçylykly hüjümden soň suratdaky başatgyçly zenanyň hem özüni ýitirendigi mälim edilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, 22-nji martda edilen hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG