Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Ýerewanyň aeroportuny tranzit zona hökmünde ulanmaga gyzyklanýar


Ermenistanyň premýer-ministri Karen Karapetýan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Aşgabat, 28-nji mart, 2017.
Ermenistanyň premýer-ministri Karen Karapetýan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýar, Aşgabat, 28-nji mart, 2017.

Türkmenistan Ermenistanyň paýtagty Ýerewanyň aeroportuny tranzit zona hökmünde ulanmaga gyzyklanma bildirýär, diýlip Arka agentligi habar berýär.

Ermenistanyň premýer-ministriniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda türkmen hökümet agzalary bilen 28-nji martda geçiren gepleşiklerinde türkmen tarapynyň Ermenistanyň harytlarynyň importyny, howa gatnawyny guramalaşdyrmaga we Ýerewanyň aeroportuny tranzit zona hökmünde ulanmaga isleg bildirendigini ermeni mediasy habar berdi.

Habar berlişine görä, Ermenistanyň premýer-ministri Karen Karapetýanyň we Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Dädebaý Amangeldiýewiň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar energiýa, transport, informasion tehnologiýalar, arhitektura, şaý-sepler, howa aragatnaşygy we syýahatçylyk pudaklary boýunça bilelekdäki proýektleriň ähmiýetini nygtapdyr.

Şeýle-de Ermenistanyň premýer-ministri Türkmenistanyň prezidenti bilen gepleşiginiň netijeli bolandygyny aýtdy we onuň ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna öňyn itergi berjegine ynam baglady, diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

Ermenistanyň Milli statistika boýunça gullugyna salgylanmak bilen habar berilişine görä, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 2016-njy ýylda 12 million dollara barabar bolup, ozalkysyndan 32.8% peselipdir.

XS
SM
MD
LG