Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň Baş sudy oppozision lider Tekebaýewiň tussaglygyny güýjünde galdyrdy


Tekebaýewiň onlarça tarapdary Baş suduň binasynyň öňünde jemlenip onuň boşadylmagyny talap etdi, Bişkek, 29-njy mart, 2017

Gyrgyzystanyň Baş sudy oppozision partiýanyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tussag astynda saklanmagyny güýjünde galdyrdy. Tekebaýew ogurlyk bilen bagly aýyplamalaryň esasynda fewral aýynda tussag edilipdi.

Tekebaýewiň onlarça tarapdary 29-njy martda Bişkekde sud diňlenişiginiň geçirilen wagtynda Baş suduň binasynyň öňünde jemlenip onuň boşadylmagyny talap etdi.

27-nji fewralda Bişkegiň sudy “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Tekebaýewi 25-nji aprele çenli tussag astynda saklamagy karar edipdi. Onuň tarapdarlary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

5-nji martda “Ata-Meken” partiýasy prezident Almazbek Atambaýewiň açyk tankytçysy Omurbek Tekebaýewi prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde öňe sürmek kararyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG