Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa ÝB-den çykmak işine başlamak boýunça dokumente gol çekdi


Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maý Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmegine başlamak üçin formal taýdan ýol açýan dokumente gol çekdi, London, 28-nji mart, 2017

Britaniýa Ýewropa Bileleşigini terk etmek boýunça prosese resmi taýdan girişdi.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Tim Barrow Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tuska premýer ministr Teresa Maýyň gol çeken hatyny gowşurdy.

29-njy martda irden Britaniýanyň premýer-ministri Teresa Maýyň Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini terk etmegine başlamak üçin formal taýdan ýol açýan dokumente gol çekendigi habar berlipdi.

Maýiň edarasy gol çekilen taryhy dokumentiň 29-njy martda Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tuska gowşuryljakdygyny mälim etdi.

Britaniýanyň ÝB-däki ilçisi Tim Barrowyň haty gowurmagy bilen Britaniýanyň bileleşigiň düzüminden çykmagy barada Lisabon ylalaşygynyň 50-nji maddasynyň berjaý edilmegine başlanar.

Dokumente gol çekişlik dabarasy Britaniýanyň ses berijileriniň ýurduň ÝB-ni terk etmegini goldap referenduma gatnaşmagyndan dokuz aý geçensoň geçirildi. Britaniýa Ýewropa Bileleşiginiň düzümine 1973-nji ýylda giripdi.

XS
SM
MD
LG