Sepleriň elýeterliligi

Polşanyň prokurorlary Auşwitzde sahna guran 11 adamy jogapkärçilige çekdi


Polisiýa Auşwitz muzeýiniň öňünde sahna guran toparyň agzasyny tussag etdi, Oswensim, 24-nji mart, 2017

Polşanyň prokurorlary geçen hepdede Auşwitzde (Oswensim) täsin sahnanyň gurnalmagyna gatnaşan 11 adamyň jogapkärçilige çekilendigini aýtdy.

Agzalan topar 24-nji martda öňki nasistik Auşwitz konslageriniň derwezisiniň öňünde goýun öldürip, “Söýgi” sözi ýazylan şygary galdyrdylar we ýalaňaçlanyp, bir-birine baglandylar.

Polşanyň Oswensim regionynyň prokurory Mariusz Slomka alty sany polşalyny, dört belaruslyny we bir germaniýalyny öz içine alýan topara girýän adamlaryň ýadygärligi kemsitmekde we depelemekde günälenýändigini 29-njy martda aýtdy. Goýny öldüren belarusla garşy haýwanlary goramak boýunça kanuna görä, goşmaça iş gozgalar.

Dünýädäki uruşlara garşy protest geçirýän parahatçylyk ugrundaky aktiwistler diýlip tanadylan 11 adamyň öz çykyşyny internet arkaly guramalaşdyrandygyny Slomka aýtdy.

Ikinji Jahan Urşunyň dowamynda Auşwitz konsentrasion lagerinde 1 milliondan gowrak adam, köpüsi ýewreýler wepat boldy.

XS
SM
MD
LG