Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Çernogoriýanyň NATO agza bolmagyny gutarnykly görnüşde tassyklady


NATO we Günbatar Balkan döwletleri boýunça konferensiýa, Podgorisa, 23-nji mart, 2017

ABŞ-nyň Senaty Çernogoriýanyň NATO agza bolmagyny gutarnykly görnüşde tassyklady.

Senatorlar 28-nji martda geçirilen ses berişlikde Balkan ýurdunyň 28 agzaly harby bileleşige girmegini doly tassykladylar.

Çernogoriýanyň NATO-nyň düzümine girmegi üçin, munuň guramanyň ýene iki ýurdy Ispaniýa we Gollandiýa tarapyndan makullanmagy zerur.

NATO-nyň gündogara tarap ýaýbaňlanmagyna garşylyk görkezýän Orsýet Çernogoriýanyň bileleşige goşulmak boýunça isleglerine nägilelik bildirdi.

Käbir synçylaryň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýet babatyndaky barlyşykly çykyşlarynyň NATO-nyň ýaýbaňlanmagyny gowşadyp biljekdigi barada öňe süren çaklamalaryna garamazdan, Birleşen Ştatlar Çernogoriýanyň NATO agza bolmagyna berk goldaw bildirdi.

XS
SM
MD
LG