Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Parahat-8 etrapçasynyň palçykly köçeleri abatlanmaýar


Parahat-8 etrapçasynda ýollaryň gyrasyny abatlaýan işçiler.
Parahat-8 etrapçasynda ýollaryň gyrasyny abatlaýan işçiler.

Aşgabadyň dürli etrapçalaryndan jaýlary ýykylyp, şäherde täze gurulýan Parahat-8 etrapçasyna göçürilen ýaşaýjylaryň iň bir kynçylyk çekýän problemalarynyň biri bu etrapça barýan ýollaryň kadaly ýagdaýda gurulmaýanlygy bilen bagly bolup durýar.

‘10-ýyl abadançylyk’ köçesiniň şäheriň gündogar-günorta bölegine uzap gidýän ugry boýunça ikigapdallaýyn ýoluň hem bu etrapçadaky onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berlenine entek bir ýyl hem geçenok.

“Awtoulag gatnawlary hem ýola goýlan ‘10-ýyl abadançylyk’ köçesiniň iki gapdalynda-da heniz doly abatlanmadyk ýerler köp. Howul-hara edilen işleriň netijesinde, bu uly köçäniň ähli ýerini palçyk basyp ýatyr” diýip, bu etrapçanyň ýaşaýjysy Beki aga aýdýar.

Beki aganyň sözüne görä, Parahat-8 etrapçasynyň jaýlarynyň gurulmaly meýdançasy beýikli-pesli baýyr ýerleri bolany üçin, ýaşaýyş jaýlarynyň käbir bölekleri pesräk hem tekiz ýerlerden gurulýar, beýleki bir bölegi bolsa belendräk ýerlerde gurulýar.


“Ynha şu belent ýerden gurulan jaýlardan jaý alan ýaşaýjylar ýolagçy awtobuslaryndan düşüp, ölerine barmaly bolanlarynda ýa bir ýere gitmek üçin ýola çykanlarynda, ýoluň ýaramazlygyndan juda kösenýärler” diýip, Beki aga has hem ýagynly günlerde ýapy ýerlerden ýagynyň aşak syrygyp, ähli gumuň palçyk bolup köçeleri basýandygyny, şeýle ýagyndan soň tehnikanyň hem işçileriň güýji bilen palçyklary arassalasalar-da, indiki ýagynda ýene-de şol ýagdaýyň gaýtalanyp durýandygyny aýdýar. Ýagynly günlerde ýola çykýan ýaşaýjylaryň bolsa aýaklaryny palçyga batyryp, käte ýanýola geçip, käte uly ýola geçip, öýlerine aşýançalar birgiden kösenýändiklerini Beki aga nygtaýar.

“Ýapy ýerleri tekizläp, görer göze owadanlap goýýarlar. Onyň käbir böleklerinde beton plitalar bilen örtülen ýerleri-de bar. Emma şol beton plitalar bilen köçäniň ähli ýapy ýeri örtülmese, ýapy ýeriň topragy ýagyn bilen aşak inýär, şonda palçyk bolýan ýanýodadan ýöräp bolanok. Ýagyn güýçlüräk bolanda, giň asfalt ýoly hem palçyk basýar. Emma beton plitalar bilen ýapy ýerleri örtmäge degişli ýolbaşçylar howlukmaýarlar" diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şeýle-de, olar şol bir işi gaýtalap edip duranlaryny özlerine amatly hasaplaýan bolmaklary mümkin diýip, sözüni şeýle dowam etdirdiler:

"Her ýagyndan soň oýulan ýapyny tekizläp, ýanýodalaryň palçygyny arassalaýançalar birnäçe gün geçýär. Bu işler üçin näçe tehnika, näçe işçi güýji ulanylýar. Birgiden ýolbaşçy hem bu işlere gözegçilige çekilýär. Biz-ä haýran galýarys, bir kadaly iş edilenok, mundan näme bähbit araýarlar”.

Heniz doly gurlup gutarmadyk Parahat-8 etrapçasynda gurluşyklaryň gidip duran ýerleri hem kän. Şeýle-de bolsa, ilatyň ozaldan ýaşap oturan ýaşaýyş jaýlaryny gyssagly ýykyp, heniz doly gurlup gutarylmadyk etrapçalara göçürýärler.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň gapdaly bilen gurluşyk meýdançalaryna ýükli geçýän agyr tehnikalaryň sesi gije-gündiz beýniňe rahatlyk berenok. Ýaşaýjylar üçin täze göçüp gelen öýlerinde rahatlyk barmy ýa ýokmy, onuň bilen gyzyklanýan ýolbaşçyny göremok. Daşyndan göräýmäge ol ýerde 9 gatly, daşy ak reňke boýalan gat-gat jaýlar seleňläp otyr. Kemçilik ýok ýaly görünýän bu etrapçanyň ýaşaýjylarynyň bolsa haýsy ugurdan alsaňam kösençlikleri ýeterlik” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG