Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maý Britaniýanyň ÝB-den çykmagy baradaky resminama gol goýdy


Britaniýanyň ÝB-däki ilçisi Tim Barrow (çepde) resmi haty Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tuska gowşurýar. 29-njy mart, 2017 ý.
Britaniýanyň ÝB-däki ilçisi Tim Barrow (çepde) resmi haty Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tuska gowşurýar. 29-njy mart, 2017 ý.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy boýunça resmi hata gol çekdi.

Maýiň edarasy onuň bu taryhy dokumente gol çekip oturanyny görkezýän bir suraty ýaýratdy. Bu hat 29-njy martda Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tuska berler.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Tim Barrow Lisabon şertnamasynyň 50-nji maddasyna laýyklykda, Britaniýanyň Bileleşikden çykýandygynyň resmi yglannamasy bolan haty ýerli wagt bilen öýlän sagat 1:30-da Tuska gowşurar.

Britanlar 1979-njy ýylda Ýewropa Bileleşigine goşulan Britaniýanyň bileleşikden çykmagyny 9 aý mundan ozal geçen referendumda köplük bolup oňladylar.

Maýiň edarasy tarapyndan çykarylan beýannamada bellenmegine görä, premýer-ministr 29-njy martda Ministrler kabinetiniň ýygnagyna ýolbaşçylyk edeninden soňra parlamentde çykyş edip, kanun çykaryjylara geçiriljek gepleşiklerde özüniň “Britaniýadaky adamlaryň hemmesine”, şol sanda Ýewropa Bileleşiginde durýan ýurtlaryň hem raýatlaryna wekilçilik etjekdigini aýdar.

Ol: “Şu ýurtdaky adamlaryň ählisiniň bähbidine boljak ylalaşygy gazanmak üçin” aýgytly herekete geçjekdigini belleýär.

Maý hata gol çekmezden öň telefon arkaly Tusk bilen, şeýle hem Ýewropa komissiýanyň başlygy Jean-Klaud Ýunkler we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen gürleşdi.

Aýdylmagyna görä, “liderler gepleşiklere konstruktiw we oňaýly ýollar bilen başlamagyň we çykyşyň endigan hem tertipli geçmegini üpjün etmegiň möhümdigi hakda ylalaşypdyrlar”.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary blogy terk etmegi üçin özleriniň Britaniýany jezalandyrmak islemeýändiklerini, ýöne bileleşigi terk etmegi gelşikli zat edip görkezmek hem islemeýändiklerini aýdýarlar.

Maýiň hatyny alanyndan soňra 48 sagatyň içinde Tuskyň bileleşigiň beýleki 27 agzasyna gepleşikleriň ugurlary boýunça düzülen taslamany ibermegine garaşylýar. Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri şondan soňra ýygnanyp, taslama hakda pikir alşarlar.

Bileleşigiň liderleriniň 29-njy aprelde geçjek sammitiniň ylalaşmagy bilen Ýewropa komissiýasyna London bilen gepleşik geçirmäge mandat berler.

Britaniýa Lisabon şertnamasynyň 50-nji maddasyndan peýdalanýan ýeke-täk ýurt bolup durýar. Bu madda boýunça taraplar iki ýylyň içinde ylalaşyga gelmeli.

Beýleki 27 agza döwletiň oňlamagy bilen gepleşikleriň uzaldylmagy-da mümkin.

Britaniýa Ýewropa Bileleşigini terk etmek prosesine başlamazdan birnäçe sagat öň ýurduň maliýe ministri Filip Hammond hökümetiň “ylalaşyk gazanjakdygyny” nygtady.

Ýöne ol “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda: “Ýewropa Bileleşigindäkileriň we Britaniýadakylaryň hemmesi öz bähbitlerini goramak üçin gepleşige girýärler”, şol sebäpden London gepleşikleriň dowamynda eglişik etmeli bolar” diýdi.

Onuň aýtmagyna görä, Britaniýa diňe özüne ýaran zatlary saýlap alyp bilmez.

XS
SM
MD
LG